Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň üçünji tapgyry tamamlandy. Dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur bolan sportuň bu görnüşini ösdürmegiň taryhynda ilkinji gezek türkmen türgenleri hem gatnaşdylar. Windsörfing boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek biziň ýurdumyzda Hazaryň türkmen kenarynda geçirildi. Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlara 22 ýurtdan – Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Fransiýadan, Awstraliýadan, Argentinadan, Ispaniýadan, Ýaponiýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden we leýleki ýurtlardan sportuň ýelkenli görnüşi bilen meşgullanýan ussat türgenler Türkmenistanda ýygnandylar. Ýaryşyň jemleýji güni erkerler we zenanlar toparlarynda baş baýraga mynasyp bolanlar kesgitlenildi. Dünýä çempionatynyň Awazada geçirilen üçünji tapgyry bir ýylyň dowamynda dürli ýurtlarda geçirilýän dünýä birinjiliginiň on bäş tapgyrynyň biridir.
Windsörfing ýaryşlaryň geçirilmegi dolulygyna diýen ýaly howa şertlerine bagly bolan sportuň köp bolmadyk görnüşleriniň biridir. Has takygy, ýeliň güýçlüligi 14 deňiz uzeline - takmynan sekuntda 7 metrden az bolmaly däldir. Hazaryň kenary myhmanlarymyzy güneşli howa bilen mähirli garşylady, bu bolsa ýaryşlary geçirmegi çylşyrymlaşdyrdy. Şu ýaryş hepdesiniň dowamynda türgenler deňze çykmaga doly taýýarlykda boldular, howa mümkinçilik beren pursatynda olar öz ýelkenlerini açyp, bäsleşiklere başladylar.
Zenanlar toparynda çykyş edýän türgenleriň köpüsi eýýäm windsörfingiň dürli ugurlary boýunça dünýä derejesindäki ýaryşlarda ýeňiş gazanypdylar. Fransiýaly Delfine Kuzan “slalom” boýunça dünýäniň häzirki çempionydyr. Awazada hem fransuz zenan türgeni ynamly birinji orny gazandy we ýaryşlaryň baş baýragyna mynasyp boldy. Ol her bir täze ýeňşiň özi üçin garaşylmadyk sowgatdygyny aýdýar we oňa hiç wagt öwrenişip bilmeýär.
Fransiýadan ýene bir türgen zenan Waleri Jibaudo ikinji orna mynasyp boldy, ol “slalom” boýunça 2012-nji ýylda dünýäniň iň güýçli windsörferi diýen ada mynasyp bolupdy. Awazada Türkiýeli türgen Lena Erdil bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Erkekler düzümi 4 topara bölündi. Deslapky geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça 48 türgenden iň ökde windsörferleriň 12-si Awazada gepçirilýän tapgyryň final toparyny düzdi. Professional windsörfing assosiasiýasynyň (PWA) düzgünlerine laýyklykda, aýgytlaýjy bäsleşikleri geçirmek mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda (mysaly üçin, ýelli howa bolmasa) ýeňiji we baýraklara orunlara eýe bolanlar, olaryň dünýä çempionatynyň geçen tapgyrlarynda eden çykyşlarynda gazanan utuklaryny sanamak arkaly kesgitlenýär.
Windsörfing boýunça Dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynyň Ispaniýanyň Kataloniýa (Kosta-Brawa) kenarynda geçirilendigini ýatladýarys. Ol ýerde öňdäki bäş orny gazanan türgenler şulardan ybarat: birinji orunda dünýäniň 20 gezek çempiony fransuz Entoni Alba, ikinji we üçünji orunlary hem onuň watandaşlary Siwil Mussilmani we Pýer Mortefon eýeläpdiler. Dördünji orna Germaniýadan Ben Wan Der Stin we bäşinji orna ABŞ-dan Mika Buzanis mynasyp boldular.
Dünýä çempionatynyň üçünji tapgyrynda dünýäniň 20 gezek çempiony garaşylan sport ussatlygyny görkezip bilmedi we eýýäm deslapky birinji aýlawda ýaryşlardan çykdy. Onuň watandaşy Siwil Mussilmani bu mümkinçilikden peýdalanyp, birinji orna çykdy. Bu fransuz türgeniniň şu ýyl gazanan ilkinji ýeňşidir. Dünýä kubogynyň eýesiniň aýtmagyna görä, bu ýeňiş oňa öňde boljak ýaryşlarda hem üstünlik gazanmaga ýardam berer.
Ikinji orny hem fransuz türgeni Pýer Mortefon eýeledi. Üçünji orna bolsa italýan türgeni Matteo Ýaçino mynasyp boldy.
Windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ýelken” ýaht-klubunyň meýdançalarynda sportuň kenarýaka görnüşleri (woleýbol, futbol, frizbi) hem-de milli guşakly göreş boýunça ýaryşlar geçirildi. Göreş boýunça geçirilen bäsleşikleriň netijeleri eýýäm köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilidi we onyň hem kenarýakasynda geçirilendigi üçin sportuň bu görnüşlerine goşmak bolar. Şu ýylyň güýzünde biziň paýtagtymyzda guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys, oňa sportuň bu görnüşi boýunça dünýäniň iň gowy türgenleriniň gatnaşjakdygyny bellemelidiris.
Kenarýaka görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara windsörfing boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge kömek beren meýletinçiler hem gatnaşdylar. Hususan-da, olar çägäniň üstünde oýnalýan futbol boýunça öz toparyny düzdüler, bu ýaryşlara ýene-de 5 topar gatnaşdy. Meýletinçiler topary finalda türk gurluşyk kompaniýasynyň topary bilen duşuşyp, 2:5 hasabynda utuldylar.
Woleýbol boýunça geçirilen bäsleşiklere 9 topar gatnaşyp, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndan “Sumbar” topary Esenguly etrabynyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, birinji orna mynasyp boldy. Üçünji orna Magtymguly etrabyndan ýene bir topar “Gök suw” mynasyp boldy.
Frizbi – plastik diskleri zyňmak boýunça toparlaýyn ýaryşlara 6 topar gatnaşdy. Şunda Türkmenbaşy şäheriniň iki topary – “Kaspiý” we “Lowsy” finalda duşuşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde “Kaspiý” 15-14 hasabynda üstün çykdy.
Windsörfing boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy, onuň çäklerinde ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň, sirk artistleriniň gatnaşmagynda konsertler geçirild. Dünýäniň birnäçe gezek çempiony, russiýaly belli türgen Ýaroslaw Waleýew weýkbording boýunça ýaşajyk türgenler üçin ussatlyk sapagyny geçdi. Şeýle hem windsörfing boýunça meşhur türgenler ýaht-klubunyň ýanynda açylan “Ýelken” çagalar sport akademiýasynda tälim alýan ýaşlar üçin tälim beriş sapaklaryny geçdiler.
Dünýä çempionatynyň ýapylyş dabarasy ýaht-klubuň açyk meýdançasynda guralan sahnada geçirildi. Ýeňijilere we baýrakly orunlary eýelänlere sylaglar gowşurylandan soň Professional windsörfing assosiasiýasynyň prezidenti Jimmi Diaz şu gezekki ýaryşlaryň Türkmenstanda geçirilendigine örän şatdygyny nygtady. Awazada geçirilen ýaryşlara gatnaşan daşary ýurtly türgenler biziň ýurdumyzyň olaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny bellediler.
- Türkmenstanlylar örän myhmansöýer we hoşniýetli adamlar, olar sporty örän gowy görýärler we ony ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Muňa Hazaryň türkmen kenarynda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň örän ýokary guramaçylyk derejesi hem şaýallyk edýär - diýip, J.Dýaz aýtdy. Indi Awaza Dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyryny geçirmek hormatyny Atlantikada ýerleşýän Kanar adalarynyň düzümine girýän uzakdaky Gran-Kanariýa adasyna berýär. Ol ýerde windsörfing boýunça dünýä birinjiliginiň dördünji tapgyry geçiriler.
PWA-nyň prezidenti özüniň baştutanlyk edýän sport guramasynyň mundan beýläk hem Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Milli Olimpiýa Komiteti bilen biziň ýurdumyzda windsörfingi ösdürmek babatdynda hyzmatdaşlyk etjekdigini we degişli federasiýanyň açyljakdygyny aýtdy. Sebäbi Türkmenistanda sportuň bu owadan we özüne çekiji görnüşi bilen meşgullanmak üçin ähli şertler bar, sportuň bu görnüşinde adam iki tebigy hadysa - ýel we suw bilen göreşýär.