Ï Ýaş türkmen türgenleriniň işjeň möwsümi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen türgenleriniň işjeň möwsümi dowam edýär

view-icon 971
Tomusky dynç alyş möwsüminde ýaş türgenleriň gatnaşmagynda tutuş ýurdumyz boýunça köpsanly ýaryşlar geçirilýär. Mary DES-niň sport toplumynda ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda ýaş toparlarynyň dördüsinde uşu boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagyty we mineral serişdeler ministrliginiň ajaýyp Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezinde “Aşgabat—Aziada-2017-niň paýtagty” atly şygar astynda sport festiwaly, ýakynda bolsa Aşgabatda ýaş türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda küşt boýunça ýaryşyň baba-bat üç tapgyry geçirildi.

Mary DES-niň sport toplumyna Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gadymy Gündogar söweş sungatlarynyň biri bolan uşu bilen meşgullanýan türgenleriň 200-si ýygnandy. Mary welaýatyndan bu ýaryşlara 3 topar gatnaşdy. Bu ýaryşlar indiki aý Hytaýyň Nankin şäherinde geçiriljek Bütindünýä ýetginjekler olimpýa oýunlaryna taýýarlanmagyň soňky tapgyrlarynyň biri boldy.

Bütindünýä Oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanmalaryň birini daşoguzly türgen Merjen Saparowa eýeledi, ol 1998-1999-njy ýyllarda doglan türgenleriň toparynda 52 kilograma çenli agramda çykyş edip, şu gezekki bäsleşiklerde ýeňiş gazandy.

Beýleki möhüm ähmiýetli bäsleşikleriň hatarynda 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 28 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşlary görkezmek bolar. Onda Mary şäheriniň toparynda çykyş eden ekizler Ýusup we Ahmet Paltaýewler üstünlik gazandylar. Ýusup ýaryşyň ýeňijisi boldy, Ahmet bolsa iň gowy “tehnikasy üçin” diýen ýörite baýraga mynasyp boldy. Olaryň uly dogany Mekan Paltaýew 2000-2001-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda 56 kilogram agramda çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy.

Umumy toparlaýyn hasapda ýer eýeleri birinji orunlaryň 9-syny eýelediler. Daşoguzly türgenler altyn medallaryň 5-sine eýe bolup, ikinji orna, Aşgabat şäheriniň topary bolsa 4 ýeňiş bilen üçünji orna mynasyp boldular. Gökderede geçirilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan sport festiwalyna Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezleriniň 14-sinden ýaş türgenleriň 500-si gatnaşdy.

Toparlaryň her biriniň öňünde Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmekden jemgyýete gelýän ägirt uly bähbidi özlerine elýeterli bolan usullar arkaly – özboluşly çykyşlary bilen görkezmek wezipesi durýardy. Biziň ýurdumyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylan gysga wagtyň içinde sport taglymlaryny ýaýratmak işinde görlüp-eşidilmedik ösüşe eýe bolup, ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen häzirki zaman sport toplumlarynda hem-de sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik aldy.

Festiwalyň açylyş dabarasynda uly açyk meýdana “Aziada—2017” diýen ýazgyny emele getiren dürli öwüşginli sport lybaslaryndaky çagalaryň ýüzlerçesi ylgap çykdylar. Soňra bu ýere ýygnanan çagalar agzybirlikde “Aziada” diýip gygyrdylar hem-de olaryň owazy Gökdere we Köpetdagyň jülgelerine ýaň berdi.

Soňra festiwalyň açylyş dabarasyny meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň we tans toparlarynyň çykyşlary dowam etdi, şol çykyşlaryň barşynda sahna dürli ýaryşlarda, şol sanda halkara ýaryşlarynda gazanan medallar hem-de kuboklary bilen ýaş türkmen türgenleri çykdy.

Bu çykyşa Aşgabadyň sportuň dürli ugurlarynyň wekilleri çagyrylýar. Söweş sungaty, sport gimnastikasy bilen meşgullanýan we beýleki türgenler görkezme çykyşlarynda ussatlyklaryny görkezdiler.

Soňra esasy çykyşlar başlandy. Festiwala gatnaşyjylar görkezme sport kompozisiýalarynyň goýluşynyň özboluşlylygy we çylşyrymlylygy bilen emin agzalaryny haýran galdyrdylar. Şonuň üçin hem eminlere has mynasyplary seçip almak ýeňil bolmady.

Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň “Altyn damja” çagalar sagaldyş merkeziniň ýygyndy topary birinji orny eýeledi. Festiwalyň ýer eýeleri bolan “Nebitçi” topary ikinji orna mynasyp boldy we Demir ýol ulaglary ministrliginiň “Demirýolçy” sagaldyş merkeziniň wekilleri üçünji orny gazandylar.

11-nji iýulda Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýanlaryň arasynda sport çäreleri sportuň aň-bilim görnüşleri - küşt, şaşka we düzzüm boýunça ýaryşlar bilen dowam etdiriler.

Küşt boýunça Aşgabat ýaryşlary barada aýdylanda bolsa, olaryň her biri (Bütindünýä küşt olimpiadasy we beýlekiler güýzde geçiriler) diňe bir iri halkara ýaryşlary boýunça däl, eýsem, ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biri boldy.

Şweýsar ulgamy boýunça 11 tapgyrda geçirilen ýaryşa gatnaşyjylar garyşyk toparda (oglanlar we gyzlar) çykyş etdiler.

Iň ýaş gatnaşyjylaryň, ýagny 2002-2005-nji ýyllarda doglanlaryň toparynda mümkin bolan 11 utukdan 9,5 utuk gazanan Danil Wertýanow ynamly ýeňiş gazandy. 16 ýaşa çenli ýetginjpekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Meňli Öwezowa birinjiligi gazandy, oňa ýeňiş üçin 7,5 utuk gazanmak ýeterlik boldy. Sport ussatlygyna dalaşgärleriň toparynda bolsa 10,5 utuk gazanan Hajygurban Döwletow hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdy. Ýeňiş gazananlara we baýraklara mynasyp bolanlara gummat bahalsy sowgatlar gowşuryldy.

Şu aýyň üçünji ongünlüginde Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjpekler we ulular ýygyndy toparlary Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçiriljek iri abraýly halkara ýaryşyna gatnaşar. Şondan soň türgenlerimiziň öňünde sentýabr aýynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde boljak Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmek wezipesi durýar.