Ï Awazada mekdep okuwçylarynyň halkara sport festiwaly geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada mekdep okuwçylarynyň halkara sport festiwaly geçiriler

view-icon 915
Şu aýyň başynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda biziň ýurdumyzda ilkinji gezek windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry geçirildi, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan sportuň bu görnüşi boýunça ussat türgenler ýygnandylar. Indi bolsa Türkmenistanyň esasy syýahatçylyk zolagynda nobatdaky iri halkara ýaryşlaryna – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň Mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Sportuň bäş görnüşini – kiçi futboly, kenarýaka woleýboly, basketboly, stoluň üstünde oýnalýan tennisi we küşti öz içine alýan toplumlaýyň bäsleşikler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 20-27-nji sentýabr aralygynda Hazaryň kenarynda geçiriler. Bu ýaryşlar Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Bilim we Medeniýet minstrlikleri, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, Mekdep sportunyň bütinrussiýa federasiýasy bilen bilelikde guralýar.


GDA ýurtlarynyň halkara Mekdep medeni-sport festiwalyny geçirmegiň esasy maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport gatnaşyklaryny ösdürmekden we pugtalandyrmakdan, çagalar hem-de ýetginjekler sporty ulgamynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Mekdep okuwçylarynyň ýaryşlarynyň barşynda ýetginjek türgenler baýraklaryň 10 toplumy we kuboklaryň 17-si ugrunda bäsleşer. Küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlara gatnaşyjylar şahsy bäsleşiklerden başga-da, toparlaýyn birinjilik ugrunda hem güýç synanyşar, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bolsa garyşyk jübüt görnüşinde hem bäsleşer.

Mekdep medeni- sport festiwaly “Seýrana” myhmanhanasynyň sport binýadynda geçiriler. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek ýetginjekleriň arasynda kenarýaka gandboly boýunça ýaryşlaryň geçirilendigini bellemek gerek. Oglanlaryň arasyndaky bäsleşikde Awaza etrabynyň sport mekdebiniň okuwçylary, gyzlaryň arasynda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň sport mekdebiniň topary ýeňiji boldy.

Şeýle hem Mekdep medeni-sport festiwalynyň öňüsyrasynda Hazaryň kenarynda kenarýaka woleýboly we kenarýaka futbol boýunça ýaryşlar geçirildi. Sportuň iki görnüşi boýunça gepçirilen ýaryşlara 12 topar gatnaşdy. Woleýbol boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň türgenleri, futbol boýunça bolsa Gumdag şäheriniň topary birinjiligi eýeledi.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Mekdep medeni-sport festiwaly barada aýdylanda bolsa, türkmen türgenleriniň iň ýokary netijeleri gazanmagy maksat edinýändiklerini aýratyn bellemek gerek. Muňa türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň şu ýylyň ýaz paslynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda geçirilen GDA ýurtlarynyň Halkara Mekdep sporty festiwalynda ynamly çykyş edendikleri hem subutnama bolup biler. Şonda ýaş türkmen türgenleri sportuň toparlaýyn görnüşlerinde tapawutlanyp, ýokary netijeler görkezdi.


Kazanda geçirilen Mekdep sport festiwalynda türgenlerimiz kiçi futbol boýunça 5 duşuşyk geçirip, Russiýanyň (4:3), Tatarystan Respublikasynyň (3:1), Ukrainanyň (3:2), Belarusuň (10:3) ýygyndy toparlaryndan üstün çykyp hem-de moldowan futbolçylary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, altyn medala mynasyp boldy.

Biziň ýaş türgenlerimiz woleýbol we basketbol boýunça geçirilen bäsleşiklerde ikinji orny eýeledi. Türkmen mekdep okuwçylarynyň gazanan şeýle uly üstünlikleri Awazada geçiriljek sport festiwalynda hem şowly çykyş etjekdiklerine umyt döredýär. Çünki sport janköýerlerimiz olardan diňe ýokary netijelere garaşýar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Mekdep sportunyň bütinrussiýa federasiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny bellemek gerek. Bu federasiýanyň prezidenti figuralaýyn typmak boýunça birnäçe gezek olimpiýa çempiony, dünýäniň on gezek we Ýewropanyň onbir gezek çempiony Irina Rodninadyr.

Biziň ýurdumyz bilen sport babatynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek bilen, ady rowaýata öwrülen türgen Türkmenistana sapar bilen yzygiderli gelip görýär. Hususan-da, I.Rodnina “Aşgabat – Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, bu çäre şu ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirildi. Mundan başga-da russiýaly türgen sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumyna baryp gördi we onda ýaş türkmen türgenleri üçin birnäçe gezek ussatlyk sapagyny geçdi.


Bularyň ählisi biziň figuralaýyn typmak bilen meşgullanýan türgenlerimiziň halkara derejesindäki ýaryşlarda netijeli çykyş etmeklerine getirdi. Şu ýylyň aprel aýynda Moskwada geçirilen buzuň üstündäki tanslar boýunça 28-nji halkara festiwalynda “Maral” türkmen tans topary “Lužniki” Olimpiýa sport toplumynda “Türkmenistanyň äheňleri” atly sahnalaşdyrylan çykyşy bilen, “Özboluşly çykyşy üçin” atly ýörite baýraga mynasyp boldy.

Awaza Türkmenistanyň diňe bir esasy syýahatçylyk merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine hem öwrüldi. Hut şu ýerde türkmen sport hereketiniň taryhynda ilkinji gezek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň toparlarynyň arasynda ýaryşlar geçiriler.