Paýtagtymyzdaky şäher sport komitetiniň küşt mekdebinde 2001-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaşka boýunça Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy we kütş bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda ýurdumyzyň çempionaty badalga aldy. Ýaş türgenler şaşka boýunça medallaryň dört toplumy ugrunda bäsleşdiler – 100 öýjükli oýun tagtasynda medallaryň 2-si hem-de 64 öýjükli tagtada hem medallaryň 2-si ugrunda güýç synanyşdylar.
Baýrakly orunlar üçin Ahal, Lebap, Daşoguz, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň toparlary bäsleşdiler. Lebaply şaşkaçylar bu gyzykly oýnyň inçe tilsimlerini ele alandyklaryny görkezip, şaşkanyň iki görnüşi boýunça hem ýeňiş gazandylar. 100 öýjükli tagtada J.Ýoldaşowa we M.Şöhratjanow, 64 öýjükli tagtada bolsa M.Gapurowa we S.Eminow birinji orunlary eýelediler.
20-nji iýulda küşt boýunça badalga alan Türkmenistanyň birinjiligine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan bu gadymy oýnuň muşdaklary gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda erkekleriň arasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony, aşgabatly halkara sport ussady M.Atabaýew bar, ol ýeňiş gazanmaga mynasyplaryň biri hasaplanýar.
Şu gezekki bäsleşikler bu ýaş küştçi üçin awgust aýynda Norwegiýanyň Tromso şäherinde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiýadasyna taýýarlyk görmegiň soňky tapgyrlarynyň biridir. Şol olimpiadada M.Atabaýew biziň ýurdumyzyň toparynyň düzüminde birinji tagtada oýnar we geljegine uly umyt baglanylýan bu küştçiniň häzirki geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanmagy onuň özüne bolan ynamyny has-da berkider.
Türkmenistanyň birinjiliginiň diňe iki tapgyry oýnaldy we ýetginjekleriň we gyzlaryň toparynda medallar ugrundaky esasy bäsleşikler entek öňdedir. Ýaryşlar 29-nji iýula çenli dowam eder.