Ï Türkmenistanlylaryň saglygynyň goragynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanlylaryň saglygynyň goragynda

view-icon 890
“Saglyk” maksatnamasynyň amala aşyrylan ýyllarynda salygy goraýyş ulgamynda, hususanda ýokanç keselleriň öňüni almakda we ýurduň ilatynyň sanitariýa-epidemiologiki abadançylygyny üpjün etmek ýaly ugurlarda ep-esli ýütünlikler gazanyldy. Bu ulgamda döwlet syýasatyny we milli maksatnamasyny amala aşyrmak öz tabynlygynda merkezi we territotial edralaryna eýe bolan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty miniatrliginiň Döwlet sanitariýa-epidemiologiki gullugyna tabşyryldy.

Gullugyň hünärmenleri döwlet sanitariýa-epidemiologiki gözegçiligini amala aşyrýarlar, sanitariýa kanunçylygynyň kada-hukuk namalaryny, öňüni alyş we ýokanç kesellere garşy göreşmekde döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar, giň göwrümli sagaldyş çärelerini amala aşyrmakda öz tabynlygyndaky edaralaryň işini utgaşdyrýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler we ilatyň arasynda sanitariýa-düşündiriş işlerini geçirmekligi guraýarlar.

Kanunçylyk binýat berkidilendir we bir-näçe kanunçylyk-hukuk namalary kabul edilendir. Olardan Türkmenisanyň Sanitariýa kodeksini, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”,”Radisiýa howpsuzlygy hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Adamy immunodefisit ýokanç keseline eltýän keselleriň öňüni almak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we ýok etmek hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepili hakynda”, “Narkotiki, psihotorp maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek hakynda” ýaly Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Temmäkini gadagan etmek”, “Duzy ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak hakynda”, “Foliýe kislotasy we demir bilen baýlaşdyrylan uny öndürmek hakynda” ýaly Karalaryny görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlaryna laýyklykda, ilatyň sagdynlygyny üpgün etmekde we keselleriň öňüni almakda mähüm ähmiýete eýe boljak «Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hakynda» we «2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi Milli maksatnamasy», «Türkmenistnda ýokanç däl keselleriň öňüni alamk we göreşmek boýunça Aşgabat deklarasiýasynda kesgitlenen 2014-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirmegigiň Milli strategiýasy» Maksatnamalary kabul edildi.

Ýokanç keselleriň öňüni almak we epidemiologiýa gözegçiligini amala aşyrmak we azyk önümlerini öndürýän desgalara, azyk önümleriniň söwdasyna, jemgyýetçilik iuýmitine, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryna we mekdeplere, olary azyklyk çig maly we azyklyk önümleri hem-de barlaghana gözegçiligi bilen öpjün etmek meseleleri boýunça kada we usulýet resminamalary kämilleşdirildi

2004-nji ýylyň noýabr aýynda ÝUNISEF-ň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de Ýodýetmezçili kesellerine gözegçilik boýunça halkara geňeşiniň adyndan Türlmenistana Ýodýetmezçilik bozulmalaryny durnukly ýok edýändigi üçin ýody kämil ýodlaşdyrmakda gazanylan ýstünlikler üçin Halakar sertifikaty gowşuryldy.

Türkmenistan 2011-nji ýylda uny fortifisirleme işinde öňdebaryjylygy üçin baýraga mynasyp boldy. Baýrak Florensiýada geçirilen Ýewroaziýa maslahatynda we Degirmen pudagynyň işgärleriniň halkara assosiýasiýasynyň sergisinde gowşuryldy.

Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde azyklyk önümleri ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek we olaryň hilini we howpsuzlygyny degerli gözegçiligi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistan 2012-nji ýylda BSG Alimentarius Kodeksiniň Komissiýasyna agzalyga girdi.

Türkmenistanda epidemiki abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, mahsus bolan öňüni alyş serişdeleri bilen dolandyrylýan we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda “2013-2020 ýylar döwür üçin immunoöňünialyş” Milli maksatnamasy tassyklandy.

Geçen ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyzda drakunkulýozyň, poliomielitiň, malýariýanyň eliminasiýasy gazanyldy. Bu halkara sertifikaty bilen tassyklandy. Mahsus bolan öňüni alyş serişdeleri bilen dolandyrylýan ýokanç keselleriň epesli azaldylmagy gazanyldy. 2008-nji ýyldan bäri ýurtda gyzamyk we gyzylja hasaba alynmady.

2007-nji ýyldan başlap, Türkmenistan Ýewropa immunizasiýa hepdeliginiň doly hukukly gatnaşyjysy boldy. 1998-nji ýyldan bäri çagalary maksatlaýyn immunizasiýa etmek ýurduň sanjym garaşsyzlygynyň baradaky Ylalaşyga laýyklykda satyn almagyň çäklerinde ýokary hilli sanjym arkaly geçirilýär. 2002-nji ýylda “Satyn almk boýunça özara düşünişmek, hyzmatlary etmek baradaky” Türkmenistan bilen ÝUNISEF-ň arasynda gol çekilen Memorandum bu hyzmatdaşlygyň dowamy boldy. Halkara ülňülerine laýyk gelýän we BSGG derejeden geçirilen sançgylary we inýeksion enjamlaryny satyn almak ýurduň Döwlet býyjetiniň hasabyna merkezleşdirilen gňrnüşde satyn alynýar.

Ýurtda sangyçlary saklamak üçin BSGG we ÝUNISEF-ň usulýet görkezmelerine laýyklykda ammarlar gurlandyr. Milli sançgy ammary hemişelik temperaturanyň we elektrik üpjünçiligi bilen hemişelik üpjün etmek üçin köp kanally sensor elektron enjamy bilen üpjün edilendir.

Gullugyň maddy-tehniki binýady kämilleşdirilýär. Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygyň täze dolandyryş binasy guruldy. Onuň otaglary iň häzirki zaman aragatnaşyk we beýleki tehnikalar bilen üpjün edilendir. Barlaghana bölümleri halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman barlag enjamlary bilen üpjün edilendir.

Şu baýramçylyk günlerinde «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde saglygy goraýyş desgalarynyň birnäçesiniň, şol snada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň merkezi edaralarynyň iki sany täze binasynyň gurluşygyna badalga beriler. Olaryň biri – Synag-önümçilik we azyklyk merkeziniň binasydyr. Onuň toplumyna dolanyryş binasy, iň häzirki zaman barlaghanasy, immunoprofilaktiki enjamlary saklanylýan ammarynyň, ylmy kitaphananyň binalary girer. Bu merkez ilatyň saglygyny goramak ulgamynda ylmy gözlegleri geçirmäge we işläp taýýarlamaga, daşky gurşawda gözlegleri geçirmäge, azyklyk önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça giňişleýin seljerme işlerini geçirmäge, ilatyň dürli gatlaklarynda netijeli iýmitlenmek boýunça işleri geçirmäge mümkinçilik berer.

Ikinji bina, bu aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça merkezdir. Onuň düzümine dolandyryş, hazirki zaman barlaghanasynyň, barlagahana jandarlaryny saklamak üçin wiwariumyň binalary, şeýle hem göçme ykjam barlahanasy üçin ulag duralgasy girer. Bu merkeziň işiniň esasy maksady - aýratyn howply karantin infeksiýalaryň Türkmenistanyň çäklerine getirilmegini we ýaýradylmagyny goramakdan ybaratdyr. Ol ygtybarly we häzirki zaman usullary boýunça geçiriler.

Bu täze merkezleriň häzirki hereket edýän binalarryň hataryna goşulmagy ýurduň ilatynyň sanitariýa-epidemiologiýa abadançylyyny üpjün etmek boýunça halakara ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejelere galdyrmaga şertleri döreder.