Şu gün Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmen artistleriniň uly konserti bu dostlugyň we döredijiligiň ajaýyp baýramçylygynyň jemlenmesine öwrüldi. Şol konsert Mogilew oblastynyň W.I.Dunin-Martinkewiç adyndaky drama teatrynyň sahnasynda boldy.
Iki döwletiň Prezidentleriniň başlangyjy boýunça uly möçberli medeni çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Belarus Respublikasynyň Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. Döredijilik forumynyň üstünlikli geçirilmegi türkmen hem-de belarus halklarynyň dostlugy, taryhy gatnaşyklary we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegi hem-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl Belarus Respublikasynda Myhmansöýerligiň ýyly diýlip yglan edildi, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri muny dolulygyna duýup, olar ýer eýeleriniň mähirli göwnaçyklygy bilen gurşaldy.
Ozal habar berlişi ýaly, Belarusdaky döredijilik çäresiniň çäklerinde geçirilen dürli dabaralarda dostlarymyz Türkmenistanyň medeni ýörelgeleriniň köpdürlüligi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine mahsus ýagdaýlar bilen tanyşdyryldy. Türkmen toparlarynyň, tanymal estrada aýdymçylarynyň, sazandalaryň çykyşlary, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi, “tegelek stoluň” başynda kärdeşleriň duşuşyklary Minsk şäherinde ýaşaýanlarda uly gyzyklanma döretdi. Belarusuň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň foruma degişli ähli wakalara içgin üns bermegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ähli esasy teleýaýlymlar, BELTa habarlar agentligi, Belarusuň gazetleri Türkmenistanyň Medeniýet günleri barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Belarus Respublikasynyň Medeniýet minitsrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürimegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Minsk şäherindäki iri medeni merkezlere baryp gördüler hem-de Belarusuň paýtagtynyň we Bobruýsk şäheriniň gözel künjekleri bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň barşynda sungat işgärleri gyzykly pikir alyşdylar we bu çäre köpugurly türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly işe goşulan möhüm ähmiýetli goşanda öwrüldi.
Halkara medeni çäresiniň ýapylyş çäresine gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Aleksandr Lukaşenko milli medeniýetleriň ösüşine, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatyň ýöredilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň iki döwletiň medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berip, dostlukly halklaryň giň gerimli hyzmatdaşlygyna täze öwüşgin çaýjakdygy bellenildi.
Türkmen artistleriniň konsertlerine köp adam ýygnanyp, ruhubelent ýagdaýda geçdi. Medeniýet günleriniň jemleýji gününde-de hut şeýle boldy. Oblastyň drama teatrynyň sahnasynda geçirilen baýramçylyk konserti sungat ussatlarymyzyň çykyşlaryndan ybarat boldy. Onuň maksatnamasyna türkmen milli aýdymlary, sazlar we tanslar, häzirki zaman estrada aýdymlary, folklor çykyşlary girizildi. “Dostluk salamy” atly aýdym ýakymly täsir galdyrdy.
“Dehistan” folklor topary we konserte gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen gadymy “Küştdepdi” tansy konsertiň täsirliligini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy türkmen aýdymçylary we konserte gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji we Baştutany -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan watançylyk aýdymy bilen jemlendi.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyngdaky Medeniýet günleri öňden bäri ýakyn dostlaryň gatnaşygyny dowam edip, iki döwletiň we halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, medeni gymmatlyklar bilen has-da içgin tanyşdyrylmagyna güýçli badalga berdi.