Ýakynda paýtagtyň “Ylham” seýilgähinde dynç almagy gowy görýän aşgabatlylar aýdym-sazly çykyşa tomaşa etdiler. Bu ýerde her ýylda ýaş aýdymçylary bir ýere jemleýän höwesjeň ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan Dyýarym!” umumymilli bäsleşiginiň şäher saýlama bäsleşikleri geçirildi. Awgust aýynda onuň welaýatlar we Aşgabat derejesinde jemleýji tapgyry geçirilýär, ýagny öz şäher we etrap saýlama bäsleşiklerinden geçenler jemleýji tapgyra çykmaga hukuk gazanýarlar. Ýurduň ähli sebitleriniň ýaş ýerine ýetirijileriniň iň ökdelerinden ökdeleri bäsleşigiň jemleýji gala-gonsertinde çykyş ederler.
Biziň ýurdumyzyň ähli künjekleriniň ýiti we dürli ugurly zehinli ýerine ýetirijileri, olar döredijilik toparlarynyň aýdymçylaryndan, ýokary we orta-ýörüte okuw mekdepleriniň talyplaryndan, ýaş harby gullukçylardan, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgerlerinden ybaratdyr, ýaşlaryň arasynda geçirilýän meşhur aýdym bäsleşiginiň ýeňijisi diýen hormatly ada eýe bolmak üçin her ýyl bu döredijilik bäsleşigine gatnaşýarlar. Bu bäsleşigiň köp ýyllaryň dowamynda geçirilmegi uly estrada sahnasyna çykmak üçin özboluşly daýanç nokady bolmak bilen, onlarça aýdymçylara “durmuşa ýollanma” berdi.
Bu döredijilik bäsleşigi ýurduň döredijilik işgärleriniň arasynda “Türkmeniň Altyn asyry” döwlet bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda geçirilýär. Bu baýraklara her ýyl “Ýaňlan Diýarym!” bäsleşiginiň ýeňijileri hem mynasyp bolýarlar.