“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň we mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň iň gyzgalaňly döwri dowam edýär. Belent myhmanhanalar, sagaldyş dynç alyş öýleri, kottej şäherçeleri, çagalar pansionatlary ýurduň we daşary ýurtlaryň dürli künjeklerinden dynç almaga gelenlerden doly. Şu günler “Daýanç” sagaldyş merkezinde türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça täjik mekdep okuwçylary dynç alýarlar.
Türkmen deň-duşlarynyň gurşap almaklarynda olar sagaldyş merkeziniň medeni we sport çäreleriniň ählisine işjeň gatnaşmak bilen, özlerini edil öz öýlerinde ýaly duýýarlar. Täjik çagalarynyň ýanynda bolýan lukman Bahodur Hakimow we orta okuw mekdebiniň mugallymy Tawus Berdiýewa özleriniň terbiýe berýän çagalarynyň özlerini oňat duýýandyklaryny nygtaýarlar. Çagalara deňziň kenarynda dynç almak hoş ýakýar, myhmahana görnüşli dört gatly ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin döredilen oňaýly şertler, “Daýanç” sagaldyş merkeziniň medei-dynç alyş merkezi, sport gurluşlary, akwapark, ýüzüş howdanlary, dürli görnüşli şadyýan oýunlar we bilesigelijilik gezelenç çagalaryň göwnünden turýar.
Täjik mekdep okuwçylarynyň bu topary Awazada ilkinji gezek dynç alýarlar. Bu ýerdäki ähli zatlar: deňiz interaktiw suw çüwdürimleri, Awaza derýasy, ertekilerdäkilere çalym edýän ulag we pyýadalar üçin niýetlenen köprüler, ýelken flotunyň muzeýi, Awazanyň amala aşyrylan we geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän taslamalar we bu ýerde syýahatçylyk mahalynda beýleki gören köp zatlary olary haýran galdyrýar. Oglanlar kiçi futbal, woleýbol we basketbol boýunça geçirilýän ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşýarlar, tennis kortlarynda oýnaýarlar, açyk we ýapyk suw howdanlarynda Türkmenistanly dostlary bilen suwda ýüzmek boýunça ýaryşýarlar. Agşamlaryna çagalar tansa-diskoteka, aýdym-saz we tans bäsleşiklerine gatnaşýarlar.
Ýöne deňiz çagalarda has uly täsir galdyrýar. Awazanyň dury we arassa suwy olaryň ählisini haýran galdyrýar hem-de olar Hazaryň suwuna düşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Bu wagtda suwa düşülýän ýerden ep-esli aralykdan geçýän çalt ýüzýän gämiler we suw motorlary çagalaryň ünsüni özüne çekýär.