Ï Sport ýaryşlary dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport ýaryşlary dowam edýär

view-icon 1197
Mary welaýatynda geçirilen sport çäreleri baradaky gürrüňi dowam etdirmek bilen, Mary, Baýramaly, Ýolöten we Sakarçäge etraplarynda milli göreş, futbol, woleýbol, baýdarkada küreklemek we kanoe, agyr atletika, suwda ýüzmek boýunça ýaryşlaryň geçirilendigini bellemelidiris. Şunda bäsleşikler diňe bir häzirkizaman sport desgalarynda däl-de, eýsem düýpli abatlanyşdan soň açylan sport toplumlarynda hem guraldy.

Şu gün welaýatda geçirilýän sport çäreleri Murgap we Mary etraplarynyň sport mekdeplerinde dowam etdi, şonda erkin göreş, taekwondo (WTF) we sportuň beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikler boldy. Welaýat merkezinde bolsa suwda oýnalýan pökgi, çeper gimnastika, kikboksing boýunça ýaryşlar geçirildi.


Suwda oýnalýan pökgi boýunça bäsleşikler Mary şäheriniň sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça mekdebiň döredilmeginiň 61 ýyllygy mynasybetli guraldy. Şu ýyllaryň içinde maryly ýaşlaryň näçesiniň öz ukyplaryny we sport ussatlygyny ýokarlandyrandygyny hasaplamak kyn düşerdi. Emma bir zat üýtgewsiz galýar. Tejribeli tälimçileriň – mugallymlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde sportuň suwda oýnalýan görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarymyzyň hatarlaryna köpsanly zehinli türgenler goşulýar.

Suwda oýnalýan pökgi boýunça geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlarynda Marynyň toparlary hemişe baýrakly orunlara eýe bolýarlar, ýetginjekler toparlary bolsa birinjiligi eýeleýärler.

Şu gezekki ýaryşlarda W.Sladkowyň tälim berýän türgenleri bir gezek hem utulman, ýeňiji boldular. Ikinji orna E.Annadurdyýewiň tälim berýän türgenleri, üçünji orna bolsa R.Orunowyň şägirtleri mynasyp boldular.

Bu ýaryşlar sentýabr aýynda türkmen paýtagtynda geçiriljek suwda oýnalýan pökgi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlanmagyň möhüm tapgyrydyr.

Mary şäheriniň toplumlaýyn sport mekdebinde kikboksing boýunça açyk birinjilik geçirildi, oňa 50-ä golaý türgen gatnaşdy. Ýer eýeleri ähli baýrakly orunlary eýeläp, bäsleşiklere taýýarlykly gelendiklerinig örkezdiler. Ç.Bekmyradowyň tälim berýän türgenleri R.Muhammetgeldiýew (35 kg.), A.Hudaýberdiýew (50 kg.), A.Orazmyradow (45 kg.), Ç.Arçaýew (50 kg.), G.Annageldiýew (67 kg.) we G.B,agşyýew (71 kg.) ýeňiş gazandylar.

Toplumlaýyn sport mekdebiniň okuwçylarynyň gazanan ýokary netijeleri kanunalaýyk ýagdaýdyr, olar bu ýaryşlaryň öň ýanynda Lebap welaýatynda bolup, Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň güýçli kikboksçylary bilen bäsleşikleri geçirdiler.


Häzirki wagtda maryly türgenler şu ýylyň güýzünde türkmen paýtagtynda geçiriljek kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler.

Marynyň toplumlaýyn sport mekdebiniň kortlarynda tennis boýunça jogapkärli ýaryşlara hem taýýarlyk görülýär. Tennisçiler diňe bir milli derejedäki däl-de, eýsem halkara ýaryşlaryna hem taýýarlanýarlar. Sentýabr aýynda köpugurly “Aşgabat” toplumynda halkara ýaryşlarynyň ikisi – “Ashabad Cup” we Halkara tennis federasiýasynyň guramagynda (ITF) 18 ýaşa çenli tennisçileriň arasynda bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşlar 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýaýarlyk görmegiň tapgyrlarynyň biridir. Olaryň netijeleri türgenler üçin hem tälimçiler üçin hem örän möhüm ähmiete eýedir.

Aşgabatda geçiriljek halkara ýaryşlarynyň öň ýanynda ýurdumyzyň tennisçileri Mary welaýatynyň sport desgalarynda özboluşly synagdan geçiriler. Bu ýerde welaýatyň açyk çempionaty bolar. Şonda milli ýygyndy toparyň deslapky düzümi kesgitleniler. Milli derejedäki ýaryşlar 17-22-nji awgust aralygynda geçiriler.

Mary welýatynyň çeper gimnastikaçylary “Ylham” sport merkezinde özara güýç synanyşýarlar. Bu bäsleşikleriň jemleri boýunça bolsa Mary welaýatynyň ýygyndy topary düzüler, ol Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiliginde çykyş eder. 10-11-nji awgustda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaşajyk gimnastikaçy gyzlar gatnaşarlar.

Çeper gimnastika boýunça dürli ýaş toparlarynyň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda N.Nurgeldiýewa, W.Sawiçewa, A.Hlystowa, J.Muhammedowa, K.Meredowa, W.Stepanowa, M.Guseýnowa we L.Atamämmedowa ýeňiş gazandylar. “Ýaryşa iň ýaş gatnaşyjy” atly ýörite baýraga 6 ýaşly türgen L.Söýünowa mynasyp boldy.


Milli derejedäki ýaryşlarda hem ýokary netijeleri görkezmegi başarýan Mary welaýatynyň taekwondoçylary tapawutlandylar. Bu etrapda häzirki zaman täze sport mekdebiniň açylmagy hem şeýle ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Şol mekdebiň açylmagy bilen, ýerli türgenleriň sport ussatlygy has ýokarlandy. Muňa olaryň taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşlarynda mynasyp bolan köpsanly baýraklary hem şaýatlyk edýr. Häzirki wagtda taekwondo (ITF) boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Täjigistanyň paýtagtyna bardylar.

Taekwondo (WTF) boýunça şu gezekki welaýatyň birinjiligi saýlama ýaryşlardyr. Awgust aýynyň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respubilkasynda başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçiriler.

Erkin göreş boýunça Murgap etrabynyň açyk birinjiligi etrabyň häzirkizaman sport mekdebiniň binýadynda geçirildi. Bu ýerde sportuň 5 görnüşi – erkin göreş, sambo, ýeňil atletika, futbol we woleýbol has işjeň ösüşe eýe boldy.

Häzirki wagtda welaýat, hatda milli derejedäki ýaryşlar hem Murgap etrabynyň sport mekdebiniň binýadynda geçirilýär. Mundan başga-da, mekdepde boks, kikboksing, taý boksy, stoluň üstünde oýnalýan tennis, küşt we şaşka boýunça sport bölümlerini açmak göz öňünde tutulýar.

Erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda bu ýerde dürli agram derejelerinde Ş.Hudaýnazarow, B.Allagulyýew, Y.Amanmyradow, M.Orazdurdyýew, B.Annaberdiýew we R.Pendiýew üstünlik gazandylar.

Murgap etrabynyň sport mekdebinde sportuň ýokarda agzalan görnüşlerinden başga-da, kekuşinkaý-karate bilen hem işjeň meşgullanýanlar bar. Olar indiki aýda Aşgabatda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine taýýarlyk görýärler.


Mary welaýatynda geçirilen sport çäreleri baradaky gürrüňimizi jemlemek bilen, köpçülikleýin sport-sagaldyş çäreleri barada hem aýdyp geçmelidiris. Mary şäherinde ir säher bilen Saglyk ýoluna ýöriş we welosipedli gezelenç guraldy. Oňa beýleki şäherlerden we etraplardan sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlaryň müňlerçesi gatnaşdylar.

Sentýabr aýynda paýtagtymyza halkara okuw-türgenleşik çärelerini geçmek üçin Ýaponiýanyň we Gazagystanyň kekişunkaý-karate boýunça toparlary geler. Şunuň bilen baglylykda Aşgabatda eminleriň we tälimçileriň okuw maslahatlary guralar. Munuň özi dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýän ýurtlaryň sport tejribesini öwrenmek üçin zerurdyr, bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe nygtap geçýär. Çünki kekuşinkaý-karate boýunça ýapon we gazak mekdepleri halkara derejesinde öňdäki orunlary eýeleýärler.

Diňe bir Mary welaýatynda däl-de, eýsem Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde hem işjeň sport durmuşy dowam edýär. Ýakyn wagtda biz okyjylary Daşoguz welaýatynyň sport durmuşynyň täzelikleri bilen tanyşdyrarys.