Ï Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 794
Şu gün Atamyrat etrabynyň merkezinde bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadionly häzirki zaman sport toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Bu toplumyň gurluşygyny ýerli hususy kärhanasynyň gurluşykçylary täze tehnologiýalary ulanmak bilen özboluşly binagärlik usulynda amala aşyrdylar.

Täze bina etrap merkeziniň sport desgalarynyň üstüni ýetirdi. Geçen ýyl bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlamagyň merkezine öwrülen 365 orunlyk sport mekdebi açyldy.

Täze sport şäherjigi dabara mynasybetli baýramçylyk görnüşinde bezelipdir, dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, belli türgenler gatnaşdylar. Döredijilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Ýaş türgenler ýokary ruhubelentlik bilen sport başarnyklaryny görkezdiler.

Sport toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler. Halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy bu maksatlara ýetmäge ýardam eder. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda soňky ýyllaryň dowamynda şunuň ýaly desgalaryň onlarçasy ulanmaga berildi.

Bu ýerde ýylyň islendik paslynda boks, göreş, küşt, gimnastika, woleýbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolar. Durmuş maksatly binalar, lukmançylyk nokady, dynç alyş otaglary türgenleriň hyzmatynda bolar. Şeýle hem toplumda tälimçiler, sport ýaryşlaryny alypbaryjylar üçin otaglar göz öňünde tutuldy.

Täze sport binasynda tomaşaçylar üçin amatly oturgyçlar, stadionyň aýry-aýry bölümlerini tapawutlandyrmak üçin ýörite belgiler goýuldy. Tomaşaçylary ýagyş-ýagmyrdan we günüň ýiti şöhlesinden goramak üçin hem zerur abzallar göz öňünde tutuldy. Yşyklandyrylyşyň häzirki zaman ulgamy ýaryşlary agşamlaryna geçirmäge hem mümkinçilik berýär. Futbol meýdançasynyň daşynda ylgaw ýodajyklary gurnaldy.

Täze sport merkezinde özbaşdak durmuş üpjünçiligi göz öňünde tutuldy, toplumyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we yşyklandyryldy. Dabara gatnaşyjylar täze sport toplumynyň dürli ýaryşlaryň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülip, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Binanyň açylan güni bu ýerde sport toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk ýörişi, türgenleriň görkezme çykyşlary, şeýle hem futbol boýunça duşuşyk geçirildi. Täze binany gurmakda tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.