Ï “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 747
Her çärýekde bir gezek çykýan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň neşir edilen nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel-iýun aýlarynda ýokary derejede geçiren duşuşyklaryna hem-de gepleşiklerine bagyşlanan makalalar bilen açylýar.

8-9-njy aprelde Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan ýurdumyza resmi sapar bilen geldi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme meseleleri boýunça pikir alşyp, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen döwürde gazanylan uly üstünlikleri kanagatlanmak bilen bellediler.

Prezident Serž Sargsýanyň saparyna ähmiýetli çäreleriň birnäçesiniň, şol sanda türkmen-ermeni işewürler maslahatynyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň gabatlanandygyny bellemelidiris. Ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasyna laýyklykda, belent mertebeli myhman “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen hem tanyşdy. Awaza diňe bir ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejesindäki möhüm duşuşyklaryň we iri maslahatlaryň geçirilýän ýerine hem öwrülýär. “Aziada – 2017-niň tagamlary” atly ýörite okuw maslahaty munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu ähmiýetli çäräniň çäklerinde dünýäniň 23 ýurdundan gelen aşpez-hünärmenler öz ussatlyklaryny görkezip, milli aşhananyň iň gowy tagamlaryny hödürlediler. Işjeň ýagdaýda geçirilen bu çäre 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy. Oňa iki dostlukly döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar.


Şol aýyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyklary geçirdi. Belent mertebeli myhmanlar milli Liderimiziň çagyrmagy boýunça biziň ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna guralan dabaralara gatnaşdylar.

29-30-njy aprelde Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Iwo Ýosipowiç ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi. Iki döwletiň Baştutanlary ykdysady ulgamda özara gatnaşyklaryň uly ähmiýetini nygtap, türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çalyşýandygyny hem-de telekeçilige ýardam etmek we gämi gurluşygy, himiýa senagaty, gurluşyk serişdelerini öndürmek, dokma pudagy, ulag, metaly gaýtadan işleýän senagat, syýahatçylyk, maglumatlar tehnologiýalary (IT), aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary güýçlendirmäge meýillidigini tassykladylar.

5-6-njy maýda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde iki döwletiň Liderleri parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýandyklaryny bellediler.

11-13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynda boldy. Milli Liderimiz şol ýerde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda täze taryhy ädimi alamatlandyrdy. Iki ýurduň arasyndaky şol gatnaşyklar bolsa, deňhukukly strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýar.

Saparyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Hytaýyň “CASIC” aerokosmiki ylmy-senagat korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we 2010-njy ýylda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň açylyş dabarasyna hem-de “Ahalteke bedewleriniň agşamy” atly baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Türkmen Lideriniň bilim, ylym ulgamlaryny ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň hormatly professory” diýen at dakyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi sapary iýun aýynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Onuň çäklerinde türkmen Lideri dostlukly ýurduň Prezidenti Abdulla Gül, Türkiýe Respublikasynyň Premýer –ministri Rejep Taýip Ärdogan we parlamentňi başlygy Jemil Çiçek bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmen döwletiniň Baştutany Bilkent uniwersitetiniň “Bilkent Kiberpark” tehnologiki parkyna baryp gördi. Şol ýerde dünýäniň 40-a golaý döwletinden mugallymlar işleýär.

Türkiýede bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Türkiýäniň Bodrum şäherinde geçirilen Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň IV ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşyklar geçirdi.

9-10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razak Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Bu dostlukly ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri tarapyndan taýýarlanan makalada hem ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselesi öz beýanyny tapdy.

12-nji iýunda türkmen döwletiniň Baştutany Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşdy.Belent mertebeli myhman öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.

18-19-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy, şol ýerde Wengriýanyň Prezidenti Ýanoş Ader bilen duşuşdy. Dünýä ykdysadyýetiniň isleglerini hem-de Ýewropa sebitiniň gyzyklanmasyny nazara almak bilen, energiýa serişdelerini ibermek hem-de olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Wengriýanyň Prezidenti ählumumy enegetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýandygyny aýdyp, köptaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Budapeştde bolmagynyň çäklerinde milli Liderimiz Wengriýa Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň –parlamentiniň başlygy Laslo Kýower hem-de Wengriýanyň esasy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

20-nji iýunda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Pak Kyn He bilen gepleşikleri geçirildi. Taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanýandyklaryny tassyklap, ähli ugurlar boýunça ýola goýlan oňyn gatnaşyklary dowam etmäge meýillidiklerini beýan etdiler.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Onda “Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa” hyzmatdaşlyk boýunça VIII maslahatynyň döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti bellenilýär. Bu maslahat şu ýylyň aprel aýynda Seul şäherinde geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, dürli syýasy, ykdysady we durmuş ulgamly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary bu gün dünýä tertibiniň esasy bolup durýan häzirki zaman halkara hukugy bilen kadalaşdyrylýar. Şu meselä bagyşlanan makalada ýurdumyzyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarynda, şol sanda “Diplomatik gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda halkara hukugynyň kadalarynyň ileri tutulýandygy bellenilýär.

Däp bolşy ýaly, žurnalda daşary ýurtly myhmanlaryň makalalaryna, söhbetdeşliklerine hem-de çykyşlaryna aýratyn orun berilýär.

Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mahmudjon Sobirowyň makalasy türkmen hem-de täjik halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga bagyşlanýar. Bu makala däp bolan “Ilçiniň sahypasy” atly umumy sözbaşynyň astynda çap edildi. Diplomatyň belleýşi ýaly, dürli ulgamlary öz içine alýan döwletara we hökümetara resminamalarynyň 70-e golaýy iki döwletiň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Tabanýuhow “Türkmenistan – ajaýyp ýurt” atly makalasynda okgunly ösýän döwletimiziň özygtyýarlylygyny berkitmekde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýär.

1996-1998-nji ýyllarda öz ýurdunyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk eden hytaýly diplomat In Sunlin “Türkmenistan parahatçylygyň, durnuklylygyň we ösüşiň ýurdudyr” diýip nygtaýar. Ilçi dünýäniň ähli döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürýän we berkidýän häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine haýran galýandygyny aýdyp, ýurdumyzda işlän ýyllarynyň Türkmenistan we onuň ajaýyp halky barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belleýär.

Ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralar şu ýylyň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy. Beýik türkmen şahyrynyň toýy ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda giňden bellenildi. Bu mowzuk “Medeni diplomatiýa” atly umumy sözbaşy bilen birleşdirilen makalalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy.

Diplomatik wekilhanalaryň işiniň halkara hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge, globallaşmak şertlerinde Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň dürli ugurlaryna, biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen gadymy türkmen döwletleriniň diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanan makalalaryň hem okyjylaryň uly gyzyklanmasyny döretjekdigi şübhesizdir.

Žurnalyň nobatdaky sany däp bolan “Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen bölümde ýerleşdirilen habarlar bilen jemlenýär. Onda şu ýylyň aprel-iýun aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlary, halkara maslahatlar, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen syýasy geňeşmeler, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler we duşuşyklar, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlarda guralan wekilçilikli maslahatlara gatnaşmagy barada gürrüň berýän habarlar ýerleşdirildi.