Şu gün paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynda şäher düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gurlan Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy boldy.
Täze gurlan desganyň öňündäki baýramçylyk lybasynda bezelen meýdançada aýdym we saz ýaňlandy, etrabyň estrada we horeografiýa toparlary, şeýle hem ýaş sazandalar uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar.
Täze döredijilik merkezini ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabara şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we desgany guran gurluşykçylar ýygnandylar, olaryň iň oňatlaryna dabaranyň barşynda gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda türkmenistanlylaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşi barada yzygiderli alada edýändigi hem-de üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyp geçilişi ýaly, milli Liderimiz döwlet syýasatyny ýöredip, döwrüň talabyna laýyklykda ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmek, rowaçlandyrmak, onuň mazmunyny täze milli öwüşginler bilen başlaşdyrmak, çeperçilik derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin hem döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we obalarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän medeni maksatly desgalar yzygiderli gurulýar hem-de ulanylmaga berilýär.
Täze Medeniýet öýi häzirki zaman bezegini we däp bolan milli bezegiň öwüşginlerini özünde utgaşdyrýan özboluşly binagärlik keşbinde guruldy. Häzirki zaman iki gatly binada adamlaryň boş wagtyny mazmunly geçirmegi, ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Bu ýerde 200 orna niýetlenilen konsert zaly ýerleşýär, şol ýerde etrabyň durmuşyndaky ähmiýetli medeni wakalar geçiriler. Ýokary tehnologiki enjamlar bilen oňat enjamlaşdyrylan sahna we yşyklandyryşyň täze ulgamy çäreleri ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berer.
Täze döredijilik merkezinde tansçylaryň, aýdymçylaryň, sazandalaryň, türgenleşik geçirmekleri üçin jaýlar, grimlenilýän jaýlar, çeperçilik studiýalary, ses ýazgylaryny geçirýän studiýalar we başga otaglar bar. Bu ýerde gurnaklaryň ulgamy we gyzyklanmalar boýunça okuwlar üçin ýöriteleşdirilen synp otaglary işlýär. Häzirki zaman kompýuter merkezi, kitaphana, oňaýly okalga zaly, horeografiýa we hor sungaty, surat çekmek hem-de teatr ussatlygy, milli saz gurallarynda okatmak, tikinçilik işi boýunça okuw geçirmek üçin synp otaglary göz öňünde tutuldy. Binada giň naharhana hem bar.
Desganyň töweregindäki çäkler abadanlaşdyrylypdyp we bagy-bossanlyga bürelipdir, şol ýerde özboluşly oturgyçlar, köçeleri yşyklandyrýan çyralar oturdylypdyr. Ýaprakly we pürli ýaş agaç nahallary ekilin, gülhanalar döredilipdir.