Ï Dünýä ýaryşynda türkmen türgeni bürünç baýragy eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä ýaryşynda türkmen türgeni bürünç baýragy eýeledi

view-icon 894
Şu günler Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilýän taekwondo boýunça (ITF) ýetginjekleriň we sport weteranlarynyň arasynda dünýä ýaryşy dowam edýär. Onda türkmen topary bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň toparynyň düzüminde çykyş edýän Mähri Agaýewa 46 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edip, bäsleşikde üstünlik gazandy.

Bu gezekki geçirilýän dünýä ýaryşy türkmen türgeniniň halkara sport giňişliginde edýän ilkinji çykyşydyr. Onuň bäsleşigi ynamly alyp barmagy has beýik ýeňişlere bolan ägirt uly mümkinçilikleri açýar diýip, bilermenler belleýärler.


Ozal habar berlişi ýaly, şol ýeňşiň öňüsyrasynda türkmen taekwondoçylary dünýä ýaryşynyň “toplumlaýyn görnüşleri” (tuli) boýunça geçirilen bäsleşikde Orazmyrat Çaryýew bürünç medala mynasyp boldy. Milli federasiýalarynyň baştutanlarynyň we taekwondo boýunça ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda türkmen tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe taekwondonyň VII danynyň gowşurylandygyny bellemeli.

Dünýä ýaryşlary 11-nji awgusta çenli dowam eder. Türkmen türgenlerinde Türkmenistanyň sport üstünliklerini täze medallar bilen artdyrmaga ähli mümkinçilikler bar.