Ï Medeni gatnaşyklar ösdüriýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeni gatnaşyklar ösdüriýär

view-icon 595
Täjigistan Respublikasynda 3-7-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Biziň ýurdumyzyň wekilýetiniň düzümine meşhur medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar, tans we saz toparalry girdiler.



Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy S.Aýni adyndaky akademiki opera we balet teatrynda geçirildi. Täjigistanlylary Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman medeniýeti bilen tanyşdyrýan amaly-haşam sungatyň teatryň eýwanynda gurnalan sergisi açylşyň başyny başlady. Paýtagtyň muzeýleriniň işgärkeri tarapyndan düzülen ekspozisiýada kümüşden ýasalan zergärçilik önümleri, türkmen halyçy gelin-gyzlaryň dokan haly polotnolary görkezildi.

Konsert programmasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň “Altyn asyr” orkestri, “Serpaý” folklor-etnografiki topar, “Aşgabat” tans topary çykyş etdiler. Wokal tapgyrlaryny Türkmenistanyň Halk artisti G.Nuryýewa, Türkmenistanyň At gazanan artisti L.Beknazarowa ýerine ýetirdiler, biziň ýurdumyzyň estradasynyň ýaş aýdymçylary hem özlerini gowy çykyş bilen görkezmegi başardylar.



Türkmen wekilýetiniň agzalary medeniýet maksatnamasynyň çäklerinde Duşenbe şäheriniň muzeýlerinde, çeper galareýalarynda, kitaphanalarynda bolup gördüler. Bu ýerde täjik köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýazylar, hudožnikler bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň wekilýetiniň Wahdat şäherine baryp görmekleri medeni maksatnamanyň üstüni ýetirdi. Bu ýerde hem biziň ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.