Şu gün türkmen türgenleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde taekwondo (ITF) boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde ýetginjekleriň we weteranlaryň arasynda ýaryşlaryň jemleýji güni geçirildi. Onuň barşynda türkmen türgenleri medallaryň dördüsini - 1 kümüş we 3 bürünç medallary gazandylar.
40-dan gowrak ýurtlardan 800 töwregi türgenleriň gatnaşmagyndaky dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaýbaňlandyrylan ýiti bäsleşikli göreşlere garamazdan biziň ýaş taekwondoçylarymyzyň çykyşlaryny üstünlikli häsiýetlendirmek bolar.
Biziň toparymyzyň düzüminde kümüş baýraga 57 kilograma çenli agramda 16-18 ýaşly türgenleriň toparynda çykyş eden A.Goşanyýazow mynasyp boldy. Ýarym finalda ol Çehiýadan bolan garşydaşyndan ynamly üstün çykdy, jemleýji tutluşykda bolsa ýer eýeleriniň wekili – täjigistanly taekwondoçydan ýeňildi.
Şol ýaşdaky toparda 51 kilograma çenli agramda 9 türgeniň çykyş eden tapgyrynda G.Durdyýew bürünç baýragy gazandy.
Dünýä çempionatynyň ilkinji günlerinde türkmenistanlylar iki sany bürünç baýragy gazandylar: “toplumlaýyn maşklarda” (tuli), Orazmyrat Çaryýew tapawutlandy, tutluşyklarda bolsa Ýer ýüzüniň güýçli taekwondoçylary ýygnanan dünýä ýaryşy ýaly şeýle işi ýaryşda ilkinji gezek çykyş eden Mähri Agaýewa (56 kilograma çenli agramda) tapawutlanmagy başardy.
Şeýle hem dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşyň öň ýanynda Federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň we ajaýyp türgenleriň gatnaşmagynda ITF taekwonda halkara federasiýasynyň Kongresiniň geçirilendigini ýatladýarys. Olar türkmen türgeni Aýdogdy Atabaýewe nobatdaky - taekwondonyň VII danynyň gowşurylyşynyň şaýatlary boldular.
Bu horomatly ada Ýer ýüzünde sport hünärmenleri örän seýrek mynasyp bolýarlar. Olaryň biriniň biziň watandaşymyzdygy Türkmenistanda ITF taekwondo söweş sungatynyň ýokary ösüş derejesindedigine şaýatlyk edýär.