Şu gün Baýramaly şäherinde ýerli hususy kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan 500 orunlyk Medeniýet öýüniň açylyşy mynasybetli dabara boldy.
Baýramçylyk dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ruhy we medeni ösüşine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Welaýatda mekdebe çenli çagalar, mekdep, sport edaralarynyň gurluşygy bilen bir hatarda medeni ulgamyň desgalary hem çalt depginler bilen bina edilýär. Häzirki täze desga hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Täze döredijilik merkeziniň binasynda şäherlileriň mazmunly dynç almaklary, olaryň ruhy taýdan baýlaşmaklary we başarjaňlaryň döredijilik ösüşi üçin ähli şertler döredilipdir, merkeziň binagärlik keşbi häzirki zaman bezegini we däp bolan milli öwüşginleri birleşdirýär.
Medeniýet öýünde gyzyklanylýan ugurlar boýunça, hususan-da, milli saz gurallarynda saz çalmagy öwretmek, teatr sungaty boýunça okuwlar üçin gurnaklaryň ulgamy, horeografiýa we hor aýdymy bilen meşggulanmak üçin synp otaglary işlär, ses ýazgylary studiýasy bar. Has oňaýly oturgyçlary bolan uly göwrümli tomaşaçylar zaly ajaýyp akustiki ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Häzirki zaman sahnasy we sahna hereketlerinde yşyklandyryş täsirlerini döretmek üçin sofitler ulgamy teatr oýunlaryny goýmaga, dabaralary we ýokary derejedäki beýleki çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Ähli zerur zatlar bilen üpjün edilen kompýuter merkezi wirtual sowatlylygyň oňat mekdebi bolar. Bu ýerde okalga zaly bolan kitaphana hem bar. Jemgyýetçilik iýmiti toplumy hem tomaşaçylaryň hyzmatynda bolar. Taslama düzüjiler tarapyndan şäheriň muzeýi üçin jaý hem göz öňünde tutulypdyr, onuň ekspozisiýasy bir syhly giňeldiler. Täze medeniýet merkeziniň töweregindäki çäkler abadanlaşdyrylypdyr we bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Medeniýet öýüniň açylyş dabarasy däp boýunça uly baýramçylyga öwrüldi. Mary welaýatynyň medeniýet müdirliginiň döredijilik toparlary bu waka baýramçylyk konsert maksatnamasyny taýýarlapdyrlar. Täze medeniýet merkeziniň binasyny guran iň oňat gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şu gün Ýolöten şäherinde ýene-de bir dabara boldy. Bu ýerde 350 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy. Ýerli türgenler üçin munuň özi oňat sowgatdyr, desganynyň gurulmagy bilen etrap merkeziniň maddy sport binýady ep-esli giňeldi.
Ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat we etrap sport komitetleriniň, bilim hem-de medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar, oba zähmetkeşleri baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar boldular. Çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýatlary abadanlaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň netijeliligini nygtadylar. Bellenip geçilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ýadawsyz aladasy netijesinde bütin ýurdumyzda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň uly möçberli gurluşygy alnyp barylýar. Stadionlar, sport mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş edaralary we başgalar ýylyň-ýylyna gurulýar.
Täze desga sporty söýüjiler üçin ýene-de bir özüne çekiji merkez bolar. Ol häzirki wagtda şunuň ýaly maksatly desgalara bildirilýän talaplara laýyklykda guruldy we enjamlaşdyryldy. Bu ýerde ýaşlar sport ussatlygynyň endiklerini ösdürerler.
Mekdepde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin, şol sanda türgenleşik üçin, kiçi futbol, woleýbol, basketbol, gandi bol oýnamak, küşt-şaşka ýaryşlaryny geçirmek üçin giň zallar, şeýle hem tälimçiler, dolandyryş edarasy üçin jaýlar, birnäçe kömekçi jaýlar bar. Täze desganyň töweregindäki çäklerde hem sport ýaryşlary üçin meýdançalar bar.
Şu gün täze sport mekdebinde welaýatyň türgenleriniň baýramçylyk görkezme çykyşlary, sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Desganyň açylyş dabarasy aýdyň, ýatdan galýan baýramçylyga öwrüldi, şonuň barşynda öňde baryjy gurluşykçylary hormatlamak geçirildi. Bu ýerde etrabyň medeniýet merkeziniň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan konsert hem boldy.