Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty bir ýarym aýlyk arakesmeden soň dowam etdirildi. Milli birinjiligiň üçünji aýlawynyň 19-njy tapgyrynyň dört duşugynda derwezeden jemi alty pökgi geçirildi.
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda “Talyp sporty” topary bilen bu ýokary okuw mekdebiniň futbolçylarynyň arasynda geçirilen oýun netijeli boldy. Ýer eýeleriniň--Türkmenistanyň häzirki çempionlarynyň bäsdeşleriniň derwezesine dürs uran jogapsyz dört pökgüsiniň üçüsini Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň hüjümçisi S.Muhadow geçirdi. Şu oýundan soň ol bäsdeşleriniň derwezesine geçiren 11 pökgüsi bilen iň köp top geçiren futbolçylaryň arasynda ikinji orunda, jemi 14 pökgi geçiren “Şagadamyň” hüjümçisi A.Bolýan bolsa birinji orunda barýar.
Balkanabat şäherinde “Daşoguz” topary bilen geçirilen duşuşykda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň kubogynyň häzirki eýesi “Balkan” topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
“Aşgabat”-“Şagadam” we “Merw”-“Ahal” toparlarynyň oýunlarynda hasap açylmady. Meýilnama boýunça “Altyn asyr”-“Bagtyýarlyk-Lebap” toparlarynyň arasyndaky duşuşyga myhmanlaryň gelmändigi sebäpli, olar utuldy diýlip hasap edildi.
Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 52 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn asyr” topary öňde barýar. Ondan 6 utuk az netije görkezen “Ahal” topary 2-nji orunda, Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” topary bolsa 37 utuk bilen 3-nji orunda barýar.
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň oýunlary 15-nji awgustda “Talyp sporty”—“Ahal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen başlanar.