Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza—2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu döredijilik forumyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Balkan welaýatynyň häkimligi guradylar.
Festiwal dünýäniň dürli döwletlerinden aýdym-saz we folklor sungatynyň wekillerini birleşdirdi. Olaryň hatarynda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Türkiýäden, Eýrandan, Owganystandan, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen estrada aýdymçylary, sazandalar, folklor-etnografiki toparlar bar. Türkmenistana ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlary wekilçilik edýärler.
Döredijilik forumynyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr, çünki ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň ruhy we intellektual taýdan ösmeginiň hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat ugrunyň aýrylmaz bölegi bolan medeniýetini kämilleşdirmek ulgamynda türkmen döwletiniň oňyn syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berip, ýurdumyzda döredijilik forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly festiwallara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmekde hem halkara döredijilik çärelerine möhüm orun berilýär. Soňky ýyllarda halkara festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrülen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan üç gün ozal bu ýerde Zehinli çagalaryň “Awaza—dostluk mekany” atly V halkara festiwaly geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli çagalaryň köp sanlysy gatnaşdy. Şu gün bolsa gojaman Hazarda “Awaza—2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynyň köp öwüşginli çäreleri geçirilýär. Bu festiwal türkmen halkynyň baý medeni mirasyny bütin dünýäde wagyz etmäge, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen wekilleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny hem-de döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.
Düýn “Awaza—2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalyna gatnaşyjylar türkmen paýtagtyndan Hazaryň türkmen kenaryna geldiler. Olaryň paýtagtymyzda bolan güni medeni çärelere baý boldy. Hazaryň kenarynda myhmanlar, däp bolşy ýaly, duz-çörek bilen garşylandy.
Festiwala deňziň kenarynda, açyk sahna meýdançasynda badalga berildi. Şeýle iri halkara çärelerini guraýjylaryň tagallasy bilen bu sahna öz keşbini yzygiderli özgerdýär. Çagalar festiwalynyň dabaralary geçirilen, ertekilerdäki köşgi ýadyňa salýan sahna bu gün ýelkenli gämä öwrüldi. Şu festiwala gatnaşyjylar bu gäminiň sahnasyna çykdylar.
Agşam bu ýerde ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen döredijilik wekiliýetleri gatnaşdylar. Şol wekiliýetler özleriniň döwletleriniň baýdaklarynyň hem-de milli saz gurallarynyň şadyýan owazlary astynda köp sanly tomaşaçylaryň öňünden ýöräp geçdiler.
Festiwalyň açylyş dabarasyna ony guraýjylar, ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri we elbetde, şu günler "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalarynda hem-de kottež toplumlarynda dynç alýan köp sanly tomaşaçylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik forumyna gatnaşyjylara Gutlagy dabaraly ýagdaýda okalýar.
Döwlet Baştutanymyz “Awaza—2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalyna gatnaşyjylary bu ähmiýetli çäräniň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap: “Dünýä döwletleriniň aýdym-saz we folklor toparlarynyň gatnaşmagynda halkara derejesinde geçirilýän bu medeni çäre milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, halk döredijiligimiziň döwrebap ösüşlere beslenýändiginiň, dünýä halklary bilen dostluk gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygynyň, medeni hyzmatdaşlygymyzyň täze derejelere göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip belledi.
Türkmenistanyň Lideriniň gutlag sözleri ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.
Soňra şatlyk-şowhuna beslenen köp öwüşginli döredijilik baýramçylygy tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Konsert maksatnamasy “Türkmenistan—dostluk we doganlyk mekany” atly aýdyň kompozisiýa bilen açyldy. Ol “dostluk gämisiniň” sahnasynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan aýdym-saz we tans toparlaryny jemledi. Azerbaýjanyň “Abşeron” tans toparynyň wekilleri, Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatynyň “Beýneu maržandary”, Eýran Yslam Respublikasynyň “Jaýlan-tabary”, Garagalpagystanyň “Şugla-energo” folklor toparlary hem-de Gyrgyzystanyň aýdym-saz we tans topary we Türkiýäniň folklor topary halk döredijiliginiň we häzirkizaman sungatynyň köpöwüşginliligini görkezmegi başardylar.
Russiýanyň we Belarusuň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp estrada aýdymlary ýaňlandy. Owganystanyň we Hytaýyň aýdymçylary, Ýaponiýanyň sazandalary öz ýurtlarynyň aýdym-saz däpleriniň özboluşlylygyny görkezdiler. Hytaýdan gelen folklor toparynyň özboluşly çykyşy hem baýramçylyk dabarasynyň hakyky bezegine öwrüldi. Ýurdumyzyň aýdymçylary we sazandalary, meşhur döredijilik toparlary hem sahnada öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan watançylyk aýdymy ýaňlandy. Bu aýdymyň owazy astynda uly monitorlarda döwlet Baştutanymyzyň köpugurly işiniň, şol sanda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ulgamynda amala aşyrýan işleriniň esasy tapgyrlaryny şöhlelendirýän şekiller görkezildi.
Şeýlelikde, simfoliki Sungat gämisi döredijilik forumynyň tomaşaçylaryny ertir ýene-de uly we şadyýan baýramçylyga çagyrmak üçin uly ýüzüşe tarap ugur aldy.