Şu gün Awazanyň gözel kenar ýakasynda bellenilýän Hazar deňziniň güni uly baýramçylyga mahsus öwüşgünlere bezeldi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji awgustda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Hazar deňzniň deňiz gurşawyny goramak boýunça ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen Karara gol çekdi, resminama laýyklykda 2014-nji ýylyň 12-nji awgustynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenilýär.
Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Tebigaty goramak ministrligi, Türkmenistanyň Prezidenitniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy we Balkan welaýatynyň häkimligi tarapyndan Awazada guralan baýramçylygyň maksatnamasy esasynda ylmy-amaly maslahat, sport we medeni çäreler, şeýle hem çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça we intellektual bäsleşik guraldy.
Baýramçylyk çärelerine alymlar-ekologlar, ýurdumyzyň tebigaty goramak boýunça döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň arasynda Hazar sebitindäki ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem iri halkara guramalarynyň – BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpszulyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
“Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen “Hazaryň ekologiýasy: durnukly ösüş ugrundaky halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň ekologiýa degişli ählumumy meseleleri netijeli çözmekde, şol sanda Hazar deňziniň täsir galdyrýan ekologik ulgamyny, onuň tebigy landşaftlaryny, biologik taýdan baýlygyny we dürli-dürlüligini aýawly saklamak boýunça başlangyçlary öňe sürmekde oňat görelde görkezýändigi bellenildi.
Hazar deňzi – dünýäde iň uly içerki suw ulgamydyr. Deňizleriň arasynda Hazar tebigy künjekleriň gözelligini we köp dürlüligini, baý tebigat we haýwanat dünýäsini saklap gelen hem-de adamzadyň genji-hazynasy diýlip hasaplanýar. Ösümlikleriň 500-den gowragyna we jandarlaryň 850 görnüşine, şol sanda seýrek duşýan we endemiki, Tebigaty goramak boýunça halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen jandarlaryň 300-e golaýyna deňziň çuňluklarynda we kenar ýakasynda duşmak bolýar.
Deňziň bu tebigy baýlyklaryna aýawly garamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyny saklamak arkaly, deňziň jümmüşinde ýerleşýän ummasyz mineral baýlyklaryndan we uglewodorod serişdeleriniň gorlaryndan rejeli peýdalanmak – Hazar sebitinde ýaşaýyn, şeýle hem ýer ýüzündäki halklaryň rowaçlygyna gönükdirilen hut şu maksatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ekologiýa boýunça ýöredilýän hem-de işjeň ýagdaýda halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde berjaý edilýän syýasatyň özenini düzýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralan we 2012-nji ýylda Türkmenbaşy şäherinde Hazar boýunça ekologik forumyň, şeýle hem Hazar deňziniň biologik serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak baradaky hökümetara Ylalaşyklary taýýarlamagyň we kabul etmegiň meselelerine bagyşlanyp, türkmen paýtagtynda sebitleýin maslahatlaryň geçirilmegi Hazaryň ekologik taýdan goralmagynyň ygtybarly ulgamynyň döredilmegine önjeýli goşant goşdy.
Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak boýunça giň möçberli ylalaşyklary – Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýany we Ulanylýan suwly – batgalyk ýerler baradaky Ramsar konwensiýasyny tassyklap, şol resminamalaryň kadalarynyň milli kanunçylyga implementasiýasy boýunça uly üstünlikleri gazandy. “Ösümlikler dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Balykçylyk we suwdaky biologik serişdeleri goramak hakynda” täze kanunlar kabul edildi hem-de “Tokaý kodeksi”(2001 ý.), “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (2013 ý.), şu ýylda kabul edilen “Tebigaty goramak hakyndaky” Kanun düýpgöter täzelenildi.
Hazar döwlet goraghanasy täsin galdyrýan tebigy toplumlary aýawly saklamak we dolandyrmak boýunça ýurdumyzyň oňyn tejribe toplandygyny görkezýän mysaldyr. Bu ýerdäki ösümlikleriň we jandarlaryň ýüzlerçe görnüşleri endemiki diýlip hasaplanýar hem-de dünýäniň biologik dürli-dürlüliginiň gymmatly genofondyny düzýär. Goraghananyň çäginde ondan-oňa göçýän guşlaryň Merkezi Aziýadaky we Gündogar Afrikadaky uçýan ugurlary birleşýär. Deňiz aýlaglary we ulanylýan suwly – batgalyk ýerler millionlarça guşlaryň – gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, gogurlaryň, gotanlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerleri bolup hyzmat edýär, şoňa görä-de bular halkara ähmiýetli ýerler hökmünde Ramsar konwensiýasynyň özboluşly sanawyna goşuldy.
Dünýäde duş gelýän adaty gyzylinjigiň bäşden bir böleginiň (21 göterim) bu ýerde gyşlamagynyň özi şu çägiň guşlar üçin örän möhüm ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär. Howanyň ýagdaýynyň üýtgemegi netijesinde guşlaryň bu ýerde ozal duş gelmedik käbir görnüşleri hem ýaşaýarlar, munuň özi olaryň köpelmegi üçin hut şu ýerleri saýlap aldylar. Munu özi Hazaryň türkmen böeliginiň ekologik abadançylygynyň saklanýandygyny aýdyň görkezýän subutnamalaryň biridir.
Deňiz giňişliginiň türkmen böleginde örän baý balyk görlarynyň dikeldilmegine, balyk önümlerini gaýtadan işleýän senagatyň işini düzgünleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bekre balyklaryň dünýäde iň köp möçberiniň bolmagy Hazar deňziniň bu babatdaky ähmiýetini has-da artdyrýar. Bu balyklar deňizde bar bolan balyklaryň iň gymmat bahaly görnüşleridir.
Hazaryň düwlenleriniň sanyny artdyrmak we olary gorap saklamak bu ýerde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleriň ýene biridir. Ogrujaly adasynda keýikleriň sanyny köpeltmek boýunça amala aşyrylýan taslama hem abraýly halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Bu ýerde eýýäm keýikleriň sany iki müňden gowrak bolup, bu deňiz adasynda hemişelik ýaşaýan jandarlara öwrüldiler.
Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen taraplaryň Maslahatynyň V mejlisinde Hazaryň deňiz gurşawuny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa goşmaça biologiýa köpdürliligi goramak hakyndaky Teswirnamanyň kabul edilmegi bu ulgamda hazarýaka ýurtlarynyň ylalaşykly hereket etmeginiň ýolunda netijeli ädim boldy.
Türkmen topragynyň bu täsin künjegini innowasiýa, daşky gurşaw üçin ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ulanmak arkaly adamyň bähbitleri üçin seresaply özgertmegiň ýokary derejede durmuşa geçirilýändigini deňziň kenarynda kemala gelen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda görkezmek bolar. Bu ýerde halkara ähmiýetli syýahatçylyk merkezini döretmäge badalga berilmegi bilen ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge düýpgöter täzeçe çemeleşilmegini alamatlandyrdy we hojalygy ýöretmegiň netijeli nusgasyny ýola goýmaga mümkinçilik berdi.
Hazaryň biologiýa serişdeleriniň we deňiz gurşawunyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi üpjün etmek, bu ugurda toplumlaýyn ylmy- barlaglary alyp barmak öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Çykyş edenler ekologiýa ulgamyna ykdysady baha bermegiň, şeýle hem sebitiň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga ýardam berýän işleriň ähmiýeti baradaky meselelere aýratyn üns berdiler. Bu babatda sebitde ekologiýa, etnografiýa, sport syýahatçylygynyň ösdürilmeginiň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Hazar deňziniň gününiň baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň we bu ýerde dynç alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda “Daýanç” çagalar-sagaldyş merkeziniň çäklerinde sport we medeni-köpçülik çäreleri geçirildi. Ylmy-amaly forum bilen bir wagtda çagalar-sagaldyş merkeziniň sport meýdançalarynda Hazaryň güni mynasybetli futbol we basketbol boýunça ýaryşlar geçirildi, şeýle hem “Şadyýan bäsleşikler” atly ýaryşlar guraldy.
Mekdep okuwçylary “Hazar – meniň mähriban mekanym” ady bilen geçirilen iň gowy surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşdylar, körpeler öz çeken suratlary arkaly örän ajaýyp, emma, gözüň göreji ýaly goralmagyny talap edýän janly tebigatyň keşbini täsirli beýan etdiler.
Baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylaryň ählisi – ulular hem, çagalar hem günüň ikinji ýarymynda “Daýanç” çagalar-sagaldyş merkeziniň mejlisler zalyna ýagnandylar, ol ýerde ekologiýa meseleleri boýunça gyzykly bäsleşik guraldy, şonda ýaş nesliň wekilleri tebigat baradaky bilimlerini açyp görkezdiler.
Sport we aň-paýhas bäsleşiklerinde, şeýle hem surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Çagalaryň köpüsi üçin ekologiýa meseleleri boýunça bäsleşige gatnaşmak mähriban tebigatymyzyň gözelligini, Hazar deňziniň giňişliklerini we onuň köpdürli haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň möhümdigine şahsy jogapkärçiliklerini duýmakda ilkinji sapak boldy.
“Miras”çagalar folklor toparynyň we Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň “Owaz” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde guralan konsert baýramçylygyň jemlemesi boldy.
Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň türkmen deňiz kenarynyň gaýtalanmajak gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyryp, Ýer togalagynyň täsin tebigy merjeni bolan bu künjegi gorap saklamagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.