Stambulda geçirilen suwda ýüzmek boýunça Türkiýäniň açyk çempionatynda biziň watandaşlarymyz 14 medal gazandylar. Olaryň 3-si altyn, 5-si kümüş we 6-sy bürünç medallardyr.
Biziň toparlarymyzda iň ýokary netijäni gyzlar görkezip, üç sany altyn baýrak bilen Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Olaryň ikisini Jennet we Deliýa Saryýewalar degişlilikde 50 we 100 metr aralykda erkin usulda ýüzmekde gazandylar. Iki aralygyň pellehanasynda hem olar biri-birinden geçip, ýene iki kümüş medal gazandylar.
Deliýa Saryýewanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçen ýyl geçirilen IV Aziýa oýunlarynda ýurdumyza wekilçilik edendigini bellemek gerek. Şonda ol degişli aralyklarda şahsy rekordyny goýdy. Türkiýäniň açyk çempionatyndaky häzirki netijeler Jennet we Deliýa Saryýewalaryň şahsy görkezijilerini ýene-de gowulandyrdy. Munuň özi türgenlerimiziň ussatlygynyň maksadalaýyk ösüşini aňladýar. Bu bolsa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýadada suwda ýüzüjilerimiziň özlerini oňat tarapdan görkezjekdiklerine esas berýär.
Biziň toparymyzyň düzüminde üçünji altyn medaly Keýik Weliýewa gazandy. Ol 50 metr aralyga okdurylma usulynda çykyş etdi, şeýle hem 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde bürünç baýragynyň eýesi boldy. Ikinji görnüşde geçirilen ýaryşda Jennet we Deliýa Saryýewalaryň netijelerini nazara almak bilen, hormat münberiniň ähli orunlaryny türkmen türgenleri eýelediler.
Biziň ildeşlerimiziň erkekler toparynda oňat netijäni Anton Şapowalow görkezdi. Oňa 3 medal – iki kümüş (400 metr erkin usulda, 200 metr toplumlaýyn) we bürünç (200 metr aralyga erkin usulda) medal gazanmak başartdy.
Ikinji we üçünji orny Hemra Nurmyradow eýeledi. Ol degişlilikde 50 we 100 metr aralyga okdurylma usulynda tapawutlandy. Iki bürünç baýraga Merdan Ataýew (50 we 100 metr aralyga ýüzmekde arkanlygyna) mynasyp boldy hem-de Walentin Gorşkow (50 metr erkin usulda) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Şeýle hem Emil Rahmatulliniň netijelerini belläp geçeliň. Ol 50 metr aralyga batterflýaý we 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek usulynda çykyş edip, Türkiýäniň açyk çempionatynda iň gowy türgenleriň bäşliginiň düzümine girdi.
Türkmenistanlylaryň halkara sport ýaryşyndaky bu üstünliginde suwda ýüzüjilerimiziň halypalarynyň – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Ýepifanowyň, şeýle hem R.Nabiulinanyň, T.Krowýakowanyň, M.Pilýuginiň we A.Solominiň hem hyzmaty bardyr. Olaryň şägirtleri häzirki wagtda has ähmiýetli ýaryşlara taýýarlanýarlar.
Ýakyn günlerde Hytaýyň Nankin şäherinde ýetginjekleriň ikinji Bütindünýä olimpiýa oýunlarynyň açylyşy bolar. Onda biziň ýurdumyzdan Koreýada geçirilen IV Aziada gatnaşan Merjen Saryýewa çykyş eder. Türkmen türgeni Ýer ýüzüniň iň oňat ýaş suwda ýüzüjileri bilen ýokary orunlar ugrunda bäsleşer.
Indiki aýda geçen ýyl geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň paýtagty Inçhon şäherinde sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça Aziada geçiriler. Merjen Saryýewa şol ýerde hem eýýäm özüne tanyş bolan suw-sport binýadynda çykyş eder. Onuň bilen birlikde, Türkmenistandan yklym oýunlarynda Merdan Ataýew çykyş eder.