Şu günler Balkan welaýatynda milli derejedäki dürli sport ýaryşlary geçirilýär.
Olaryň hatarynda köpugurly söweş boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiligini görkezmek bolar. Bu bäsleşikler noýabr aýynda Russiýanyň Medyn şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biridir.
Mälim bolşy ýaly, iýul aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde köpugurly söweş boýunça Aziýanyň çempionaty geçirildi, onda türkmen türgenleri 1 kümüş medala we 2 bürünç medala mynasyp boldular. Biziň ýurdumyza türgenleriň üçüsi wekilçilik etdiler we olaryň hemmesi baýrakly orunlary eýelediler. Bu bolsa biziň watandaşlarymyzyň öňde boljak dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär.
Türkmenbaşy şäheriniň sport mekdebinde köpugurly söweş boýunça geçirilen ýaryşlara Aşgabatdan, Mary we Balkan welaýatlaryndan ýüzlerçe türgen gatnaşdy. Medallar ugrunda dürli ýaşdaky türgenler bäsleşdiler. Balkan welaýatynyň wekilleri 9 gezek ýeňiş gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.
Umumytoparlaýyn hasapda ikinji orun bürünç medallaryň sany boýunça kesgitlenildi, sebäbi aşgabatly we maryly türgenler altyn we kümüş medallaryň sany boýunça deň netije gazandylar. Netijede paýtagtymyzyň söweş sungatynyň ussatlary bürünç medallaryň ikisini köp gazanyp, ikinji orny eýelediler.
Öňde boljak dünýä çempionaty baradaky gürrüňimizi dowam etdirip, milli ýygyndy toparymyza esasy dalaşgärleriň biri bolan, Aziýa çempionatynda ikinji orny eýelän Döwlet Bäşimowyň häzirki wagtda Hindistanda halkara okuw türgenleşigini geçýändigini bellemelidiris. D.Bäşimow hindi toparlaýyn oýny bolan kabaddi boýunça ussat tügenleriň ligasynda çykyş etmek hormatyna mynasyp bolan türgendir. Sportuň bu görnüşi ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem köplenç ýagdaýda sportuň olimpiýa görnüşlerini öz içine alýan nusgawy Aziýa oýunlarynyň maksatnamalaryna girizilendir.
Geçen dynç alyş günleri gandbol boýunça Türkmenbaşy şäheriniň açyk birinjiligi badalga aldy. Bu ýerde şeýle hem kekuşenkaý-karate bilen meşgullanýan türgenleriň maslahaty we okuw türgenleşikleri geçiriler.
El pökgüsi boýunça bäsleşiklere 5 topar - ýer eýeleriniň 2 topary, Mary welaýatyndan hem 2 topar we Aşgabatdan 1 topar gatnaşar. Ýaryşlar aýlaw usulynda guralar. Gandbol boýunça şu gezekki ýaryşlaryň esasy maksady toparlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda sentýabr aýynda geçiriljek çempionata taýýarlyk görmekdir.
Ýaryşlaryň ilkinji iki gününden soň aşgabatlylar iki duşuşykda iki ýeňiş gazanyp, öňde barýarlar. Türkmenbaşynyň 1-nji we Marynyň 1-nji toparlary bir gezek ýeňiş gazanyp, bir gezek bolsa deňme-deň oýnadylar. Deňizýaka şäheriniň 2-nji topary bir gezek ýeňiş gazandy we Marynyň 2-nji topary heniz utuk toplap bilmedi. Ýeňiji 20-nji awgustda belli bolar.
Kekuşinkaý-karate boýunça maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan başa-baş söweşiň bu görnüşiniň tälimçileri we türgenleri gatnaşarlar. Maslahatda Türkmenistanda söweş sungatynyň bu görnüşini mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem milli toparymyzy öňde boljak iri halkara ýaryşlaryna, şol sanda noýabr aýynda Gazagystanda geçiriljek Hazarýaka ýurtlaryň türgenleriniň arasynda boljak birinji halkara ýaryşyna taýýarlamagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Başa-baş söweşiň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň gutarnykly düzümi 12-15-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatynyň jemleri boýunça düzüler.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinden grek-rim göreşi boýunça ýaş türgenleriň 150-den gowragy “Hazar” sport merkeziniň giň zalynda özara güýç synanyşdylar. Bu ýerde her ýyl däp boýunça 13-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda “Hazar duşuşyklary” atly ýaryşlar guralýar.
Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça ilkinji bäş orny Daşoguz welaýatynyň ýaş pälwanlary eýelediler, Aşgabat şäheriniň, Lebap we Balkan welaýatlarynyň her biriniň toparlary baýrakly orunlaryň dördüsine, Murgap jülgesiniň grek-rim göreşi boýunça türgenleri bolsa baýrakly orunlaryň üçüsine eýe boldular.
Häzirki wagtda nusgawy göreş boýunça ýurdumyzyň erkekler milli topary sentýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatyna işjeň taýýarlyk görýär.