Ï Öňdebaryjynyň ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňdebaryjynyň ýeňşi

view-icon 879
Futbol meýdançalarynda ýokary ligadaky toparlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi

Milli ýaryşda öňde barýan paýtagtymyzyň “Altyn asyr” topary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde ýaryş sanawynyň soňunda barýan “Daşogzuň” topary bilen duşuşdy. Oýun myhmanlar uçin garaşylmadyk ýagdaýdan başlandy: eýýäm ikinji minutda ýer eýeleri 1:0 hasabynda öňe saýlandylar we şol artykmaçlygy arakesmä çenli sakladylar. Duşuşygyň ikinji ýarymynda aşgabatlylar depginlerini güýçlendirip, 25 minudyň içinde daşoguzlylaryň derwezesine dört pökgini geçirdiler. Netijede Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň dört gezek eýesi “Altyn asyr” 4:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, 55 utugy bilen ýaryş sanawynyň iň ýokarky basgançagyny eýeleýär.

Ýerli “Şagadamyň” Marynyň “Merw” toparyndan üstün çykan duşuşygy geçirilen Türkmenbaşy şäherinde hem oýun şeýle hasap bilen tamamlandy. Şol ýeňişden soň deňiz kenarynyň futbolçylary 40 utuk toplady we olar ozalkysy ýaly üçünji orny eýeleýärler.

Öňdebaryjynyň yz ýanyndan gelýän “Ahal” hem şu tapgyrda duşuşygyň birinji ýarymynyň ahyrynda 11 metrlik jerime urguny geçirmegi netijesinde “Talyp sporty” toparyndan üstün çykyp, ýeňiş gazandy. Ahallylar indi 49 utuk toplady.

Häzirki çempion HTTU bilen Aziýa futbol konfederasiýasynyň prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Balkanyň” arasynda geçirilen duşuşyk örän dartgynly boldy. Jemleýji jürlewügyň çalynmagyna 12 minut galangda, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi S.Muhadowyň dürs urgusy ýeňiş getirdi. Şu ýeňşinden soň HTTU-nyň futbolçylary 35 utuk bilen ýaryş sanawynda 33 utukly balkanlylary 5-nji orna geçirip, dördünji basgançaga çykdylar.

Türkmenabatda “Bagtyýarlyk-Lebap” bilen “Aşgabadyň” arasynda duşuşyk hem örän gyzykly geçdi. Oýnuň barşynda toparlaryň ikisi hem gezekleşikli ýagdaýda hasapda öňe saýlandylar. Şeýle-de bolsa jemleýji jürlewüge 5 minut galanda aşgabatlylar ýeňlişe sezear bolmakdan halas bolmagy başardylar we duşuşyk netijede 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.

Ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň nobatdaky ýigrimi birinji tapgyrynyň oýunlary “Altyn asyr” – HTTU we “Aşgabat” – “Daşoguz” toparlarynyň duşuşmaklary bilen 22-nji awgustda başlanar.