Ï Welaýatda täze sport mekdebi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welaýatda täze sport mekdebi açyldy

view-icon 907
Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew adyndaky daýhan birleşiginde 350 orunlyk täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy boldy.

Dabara wela ýat we etrap häkimlikleriniň, etrabyň sport komitetiniň wekilleri, hormatly ýaşulular, köpsanly oba ýaşaýjylary, talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu ýerde söweş sungatynyň ýaşajyk ussatlary görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Etrabyň estrada we tans toparlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar. Şeýle hem täze desganyň öňünde guralan dabarada has tapawutlanan gurluşykçylary sylaglamak çäresi geçirildi.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurlan we enjamlaşdyrylan oba sport mekdebinde ýaş türgenler kemala geler. Bu ýerde çagalaryň we ýetginjekleriň, oglanlaryň we gyzlaryň, şeýle hem öz boş wagtyny bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bagyş etmek isleýänleriň, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, fiziki taýýarlygyny ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Binanyň birnäçe okuw otaglary, türgenleşikleri we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin giň zallary bar. Onuň açyk sport meýdançasynda şu gün futbol, woleýbol, tennis we sportuň beýleki görnüşleri boýunça görkezme ýaryşlary guraldy.

Täze okuw-sport mekdebinde ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň bardygyny bellemeli. Şunuň bilen bir hatarda, bu ýerde orta we uzak aralyk boýunça ylgaw ýodalary, uzynlygyna bökmek, sport serişdelerini zyňmak boýunça meýdançalar bar. Şeýle hem bu ýerde ýokarlygyna bökmek boýunça türgenler taýýarlanylar. Sportuň bu görnüşleri boýunça mekdepde zerur bolan enjamlaryň hemmesi bar.

Täze sport mekdebiniň açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

...T.Baýramdurdyýew adyndaky daýhan birleşiginde täze sport mekdebiniň açylyş dabarasy oba ýaşaýjylary üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu dabara sport ýaryşlary bilen dowam etdirildi: şol gün täze sport mekdebinde küşt boýunça Gökdepe etrabynyň açyk birinjiliginiň ýaryşlary geçirildi. Oňa ýaş türgenleriň 20-si gatnaşdy. 2014-nji ýylda ýurdumyzyň birinjiliginde bürünç medala mynasyp bolan 10 ýaşly Aýmyrat Paşşyýew ýeňijiniň esasy dalaşgäri boldy. Ol etrabyň “Türkmenistan” daýhan birleşigindendir.

Bäsleşigiň ähli tapgyrlarynda diýen ýaly ol öňdeligini saklady. Ýöne iň soňky ýaryşda ýalňyşlyk goýberip, üçünji orna düşdi. Bu gezekki ýaryşda 14 ýaşly yzgantly küştçi Allanur Ataýew ýeňiji boldy. Ol oýnuň dowamynda bir gezek hem ýeňilmedi. “Türkmenistan” daýhan birleşiginden gelen Atamyrat Annaberdiýew ikinji orny eýeledi.

Bu ýaryş 24-nji awgustda Baharly etrabyndaky täze sport mekdebinde boljak jogapkärli ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde geçirildi. Onda küşt boýunça etrabyň açyk birinjiligi guralar. Şol ýaryşa Ahal welaýatynyň ähli künjeklerinden ökde ýaşajyk küştçüler ýygnanarlar. Baharly etrabynda täze döwrebap sport mekdebiniň açylmagy bilen bu ýerde şunuň ýaly bäsleşikleriň geçirilýändigini bellemeli. Bu mekdep zehinli türkmen türgenlerine sport dünýäsine giň ýol açdy.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebinde 27-nji awgustda toplumlaýyn bäsleşiklere badalga berler. Bu ýerde milli göreş we erkin göreş, futbol we boks boýunça ýaşajyk ussatlar bäsleşerler.

Şunuň ýaly bäsleşikler 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna özboluşly taýýarlyk bolup durýar. Hut şonuň üçin hem şunuň ýaly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi toplumlaýyn sport bäsleşiklerini guramakda zerur tejribeleri toplamaga ýaram edýär.

Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwalynyň bu babatda tejribe toplamak üçin möhüm ähmiýeti bolar. Festiwalyň maksatnamasyna sportuň futzal, kenardaky woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis we küşt ýaly görnüşleri girizildi.

Biziň ýurdumyzyň okuwçy türgenleri şunuň ýaly ýaryşlarda tapawutlanmagy başardylar. Şu ýylyň ýaz paslynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen GDA ýurtlarynyň Halkara ikinji mekdep festiwalynda türkmen türgenleri kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşlarda altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem olar woleýbol we basketbol boýunça kümüş medaly eýelediler. Awazada geçiriljek medeni-sport festiwalynda hem türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanjakdyklaryna ynam bildirýäris.

Ahal welaýatynda geçirilýän sport çäreleriniň sanawynda şu ýylyň 23-nji awgustynda basketbol boýunça Tejen şäheriniň açyk birinjiliginiň başlanýandygyny bellemeli. Ol 25-nji awgusta çenli dowam eder. 29-njy awgustda bolsa Derweze etrabynda zähmetkeşler toparlarynyň arasynda pagta ýygymynyň başlanmagyna bagyşlanan sport bäsleşiklerine giň gerim berler.