Ï Türkmen türgeniniň olimpiýa oýunlaryndaky ýeňşi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgeniniň olimpiýa oýunlaryndaky ýeňşi

view-icon 857
Şu günler Hytaýyň Nankin şäherinde geçirilýän ýaşlaryň ikinji olimpiýa oýunlarynda türkmenistanlylar başa-baş söweşiň gadymy görnüşi bolan uşu boýunça ýaryşlarda “bürünç” medal gazandylar. Uşu olimpiada görkezme çykyşy hökmünde girizilendir. Ýaryşyň jemi boýunça hormat münberiniň üçünji basgançagyna 52 kilogram agram derejesinde “sanda” (tutluşyklar) görnüşinde çykyş eden Merjen Saparowa çykdy.

Ýaşlaryň olimpiadasyna gatnaşmaga ýollanmalar üçin uşuçylara dereje gazanmak ugrundaky ýaryşlarda bäsleşmek zerurdygyny ýatladýarys. Dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ol ýaryşlar Türkiýede şu ýylyň ýazynda geçirildi. Şonda düzüminde M.Saparowa hem bolan türkmenistanlylar dünýäniň uşu boýunça ýaş ussatlarynyň iň güýçlüleriniň sekizligine girip, arzyly üç ýollanmany gazandylar.


Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 7-nji umumybilim berýän mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Merjen bilen birlikde Olimpiadada uşu boýunça görkezme ýaryşlarda şeýle hem aşgabatly Oraznepes Geldiýew (60 kilograma çenli) we Muhammet Gurbanow (70 kilograma) çenli çykyş etdiler. Uşu boýunça ýaryşlarda ýeňijileri sylaglamak dabarasyna gatnaşan HOK-yň prezidenti Tomasw Bah geljekde Halkara olimpiýa komiteti gündogaryň başa-baş söweşiniň bu gadymy görnüşini olimpiýa maksatnamasyna girizmek mümkinçiligine garap biler diýip aýtdy.

Nankin şäherindäki Oýunlarda türkmenistanlylar sportuň beýleki görnüşlerine - agyr atletika, suwda ýüzmek we erkin göreş görnüşlerine hem wekilçilik edýärler. Biziň bu ýaş türgenlerimiz şeýle derejedäki ýaryşlara mahsus bolan ýokary netijeleri görkezip, eýýäm çykyş etdiler.


Sakarçäge etrabyndan (Mary welaýaty) bolan agyr atletikaçy Söhbet Tirkişow 62 kilograma çenli agram derejsinde olimpiýa medalyny gazanmaga golaýlaşyp, hormatly 4-nji orny eýeledi. Türkmen türgeni agyrlygy birden galdyrmakda 115 kilograma hötde geldi, itekläp galdyrmakda bolsa 137 kilogramy göterip, iki görnüşiň umumy möçberi boýunça 252 kilogram netije gazanyp çykyşyny tamamlady.

Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlarda Türkmenistandan Merjen Saryýewa çykyş etdi. Ol iki görnüşde – 50 metr aralyga batterfläý we 50 metr aralyga erkin görnüşde ýüzmekde öz deň-duşlary bilen bäsleşige goşuldy. Bir ýyl mundan ozal Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda bolşy ýaly, öz şahsy rekordlaryny – degişlilikde 31,49 sekunt we 29,50 sekunt rekordlaryny goýdy. Watana gaýdyp gelensoň M.Saryýewa indiki aýda Koreýa Respblikasynda geçiriljek nusgawy Aziýa oýunlaryna taýýarlanar.


Nankinde olimpiadanyň baýraklary ugrunda göreşi türkmen türgenleri üçin hem dowam edýär. 27-nji awgustda sport düşekçesine Muhammet Rozykulyýew çykar. Ol 100 kilogram agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda çykyş eder.