Ï Sport ussatlygynyň däplerine eýerip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport ussatlygynyň däplerine eýerip

view-icon 731
Şu gün 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň we gyzlaryň arasynda taekwondo ITF boýunça Mary welaýatynyň birinjiliginiň ýeňijileri kesgitlenildi. Bu bäsleşikler diňe bir ýaş türgenler üçin däl-de, eýsem, tälimçiler üçin hem has jogapkärli ýaryşlaryň öňündäki synag boldy. Tälimçileriň käbiri şu ýaryşlarda ilkinji gezek tälimçilik işine başladylar.

Welaýat birinjiligine türgenleriň 100-den gowragy gatnaşyp, taekwondo ITF-niň bäş görnüşi – şahsy we toparlaýyn bäsleşikler, şahsy we toparlaýyn tuli (toplumlaýyn maşklar) we görkezme bäsleşikler boýunça medallar ugurnda güýç synanyşdylar.


Ýaş tälimçiler baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, ilkinji nobatda Orazmyrat Çaryýewiň türgenleşdirýän Mary şäheriniň birinji sport mekdebiniň topary umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýeländigini bellemeli. Ýaş tälimçiniň özi hem heniz ýetginjek-türgen (ol 15 ýaşynda) bolmak bilen, özüni geljegi uly tälimçi hökmünde görkezdi. Onuň toparynyň ýeňiş gazanmagy munuň subutnamasydyr. Birinji sport mekdebiniň türgenleri jemi 43 medala mynasyp boldular, olaryň 16-sy altyndyr.

Şahsy hasap barada aýdylanda bolsa, ýeňiş gazanan topara wekilçilik edýän Röwşen Annaýew ähli görnüşler boýunça ýeňiş gazanan ýeke-täk türgen bolup, 5 medaly – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medaly eýeledi. Ondan soňky orunlary topar boýunça ýoldaşlary Rahat Atanyýazow, Sylap Köşüliýew we Batyr Annaýew eýelediler, olaryň her biri dürli derejeli medallaryň dördüsine mynasyp boldy.

1-nji sport mekdebiniň okuwçylarynyň gazanan şeýle üstünlikleriniň sebäbi düşnüklidir. Olaryň tälimçisi O.Çaryýew diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem, tutuş Aziýa yklymynda hem iň güýçli ýetginjek taekwondoçylaryň biridir. Şu ýylyň ýazynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçen taekwondo ITF boýunça Aziýanyň çempionatynda Orazmyradyň 5 (1 altyn, 3 kümüş hem-de 1 bürünç) medala mynasyp bolmakdan başga-da, çempionatyň absolýut ýeňijisi diýip ykrar edilmegi hem onuň subutnamasydyr.


Muňa ýaş tälimçiniň awgust aýynyň başynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde ýetginjekleriň we ulularyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medaly alandygyny hem goşmak bolar.

Indi bolsa onuň terbiýe berýän türgenleri ilkinji ýeňişlerini gazanýarlar. O.Çaryýewiň bir ýarym ýyl bäri tälimçilik edýän toparynda türgenleriň 50-si bar.

Umumy toparlaýyn hasapda Mary – DES-den “Mekan” topary Bäşim Şirmämmedowyň tälimçiliginde 29 medal gazanyp, ikinji orny eýeledi.

Marynyň ýene bir ýaş tälimçisi Mähri Agaýewanyň türgenleşdirýän “Bagtyýarlyk” topary üçünji orny eýeledi. Bu zehinli türgen halkara derejesindäki ýaryşlarda taekwondo ITF boýunça biziň ýurdumyza wekilçilik eden ilkinji taekwondoçy zenan hökmünde milli sport hereketiniň taryhyna girdi. Ol ilkinji çykyşynda medal almagy başardy. Bu Duşende şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda bolupdy, şonda M.Agaýewa üçünji oruny eýeledi. Şu gezekki bäsleşiklerde onuň tälimçilik edýän topary 9 medala eýe boldy.

Maryda geçirilen ýaryşlar güýzde geçiriljek taekwondo boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlaryň netijeleri boýunça milli ýygyndy toparymyz düzüler, ol noýabr aýynda Belarusyň paýtagty Minsk şäherinde geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder.