Germaniýaly motosyýahatçylaryň ikisi - Walter Şubert we markus Biler ýakynda Türkmenistana geldiler hem-de ýolugra Aşgabatda düşlediler. Türkmen topragynda birnäçe günläp bolmagynyň çäklerinde olar Aşgabadyň we onuň töwregeiniň ajaýyp ýerlerine aýlanyp gördüler, Mary weläýätynyň bütindünýä meşhur ýadigärliklerine baryp gördüler.
Walter Şubertiň belleýşi ýaly, motosyýahatçylar öz syhatlaryny Merkeziaziýa kruizi diýip atlandyrmak bilen, şu ýyl Beýik Ýüpek Ýolunyň ugruny saýlap aldylar. Biz Germaniýadan başlap, eýýäm ýoluň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäkleri boýunça müňlerçe kilometrini geçdik. Türkmenistan biziň gelen 14-nji ýurdumyzdyr. Biz syýahatçylygyň dowamynda jemi 23 ýurda bararys.
Motosyýahatçylyga görülen taýýarlyk barada aýtmak bilen, Germaniýaly syýahatçylar şular ýaly islendik syýahatçylyga birnäçe aýlap taýýarlyk görülýändigini aýratyn bellediler. Her bir ýurtda olary hökman garşy alýarlar, şol ýurtda bolmaklaryny guraýarlar hem-de haýsydyr bir syýahatçylyk firmasy olaryň ýanynda bolýar. Türkmenistanda bu işleri türkmen syýahatçylyk bazarynda 1992-nji ýyldan bäri işläp gelýän, biziň ýurdumyza öz ulaglary ýa-da motosiklleri bilen gelýän syýahatçylara hyzmat etmek boýunça uly tejribesi bolan “Latif” kompaniýasy amala aşyrýar.
Germaniýaly syýahatçylaryň Aziýa motokruizde dowamlylygyny göz öňünde tutup, olaryň Türkmenistan bilen tanyş bolmaklaryna bary-ýopgy üç gün wagtlary boldy. Türkmen paýtagtynda olar “Oguzkent” myhmanhanasynda boldular. Paýtagt boýunça tanyşlyk syýahatyny geçirdiler, Köne Nusaý galasynda boldular hem-de şäheriň seýilgähleri boýunça gezelenç etdiler. Soňra olara “gadymy Merwiň” ajaýyp dünýäsine syýahat etmek garaşýardy. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän myhmanlar elmydama açyk göwün we güler ýüz bilen garşylanýar.