Ï Sport ussatlaryny taýýarlaýan täze merkezler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport ussatlaryny taýýarlaýan täze merkezler

view-icon 875
Birinji sentýabrda okuw edaralarynyň ýüzlerçesi mekdep okuwçylary üçin gapylaryny açdylar. Ýurdumyzyň sport mekdepleri, şol sanda ýakynda ulanmaga berlen mekdepler hem okuwçylary garşylarýar. Mary welaýatynyň merkezinde ýerleşýän grek-rim we erkin göreş boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebi hem-de S.Türkmenbaşy şäherçesindäki sport mekdebinde hem ilkinji gezek täze okuw ýylyna başlanýar.

Mary şäheriniň täze sport mekdebi şu ýylyň ýanwar aýynda açylandan soňra sport göreşi bilen meşgullanýanlaryň ýygy-ýygydan gelýän merkezine öwrüldi. Şol döwre çenli bu mekdep “Pälwan” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýerleşýärdi we onuň zerur sport binýady ýokdy. Indi bolsa türgenleşikler häzirki döwürüň ähli talaplaryna laýyklykda geçirilýär we bu ýagdaý türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, sport göreşiniň meşhurlygyny artdyrmaga oňyn ýardam berýär. Häzirki wagtda sport göreşi bilen meşgullanýanlaryň sany diňe bir şäherde däl-de, eýsem, tutuş welaýat .boýunça ep-esli köpeldi. Sebitiň iň alysda ýerleşýän obalaryndan hem sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýän ýetginjekler bu mekdepde okamaga höwes bildirýärler.


Ýöriteleşdirilen sport mekdebinde 350 okuwçy terbiýe alýar, emma türgenleşiklere gelýänleriň sany has köpdür. Munuň esasy sebäbi diňe bir döwrebap sport binasy we sport enjamlary däldir: bu ýerde ýokary derejeli tälimçiler işleýärler, olar okuwçylara berk we talapediji bolmak bilen, şol bir wagtyň özünde öz şägirtlerini alada bilen gurşap alýarlar hem-de okuwçylara öz sport tejribelerini we bilimlerini bermäge taýýardyrlar.

Olaryň hatarynda tutuş ýurdumyza belli pälwanlar az däldir we olar häzir hem halkara derejesinde ýokary netijeleri görkezmeýärler. Halkara derejeli sport ussady Agamyrat Orazsähedow grek-rim göreşi boýunça kiçi ýaşly topara tälim berýär. Bu belli türkmen türgeni göreşiň dürli görnüşleri boýunça halkara baýraklarynyň köpsanlysynyň eýesidir.

Geçen ýyl Kazan şäherinde bolan Bütindünýä uniwersiadada A.Orazsähedow guşakly göreş boýunça ikinji orny eýeledi. Ol ýakyn wagtda boljak dünýä çempionatynda çykyş etjek ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň düzümine esasy dalaşgärleriň biridir. Bu çempionat noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriler.

Marynyň grek-rim we erkin göreş boýunça ýöriteleşdirilen sport mekdebini tamamlan we häzir okaýan belli türgenler barada gürrüňi uzak wagtlap dowam edip bolar. Emma welaýatyň göreşiň iki görnüşi boýunça hem ýygyndy toparlarynyň baş tälimçileriniň şu sport mekdebiniň mugallymlary Toýly Lallykowdygyny we Ezim Ezimowdygyny ýatlatmak hem ýeterlikdir.

Güýz paslynyň ortalarynda bu sport mekdebiniň tälimçiler – mugallymlar düzümi erkekleriň arasynda sport göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyny kabul etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle hem ýakyn geljekde bu mekdepde guşakly göreş boýunça ýöriteleşdirilen topary döretmek göz öňünde tutulýar. Mary şäheriniň tälimçileri eýýämden öz pälwanlaryny aziada-2017-ä gatnaşmaga taýýarlaýarlar.

Täze okuw ýylyny ilkinji gezek garşylaýan S.Türkmenbaşy şäherçesindäki ýene bir sport mekdebinde sportuň taekwondo ITF, dzýudo, sport we söweş sambosy ýaly görnüşleri ösüşe eýe bolýar.

Täze sport mekdebiniň açylmagyna koreý söweş sungaty bilen meşgullanýan ýaşajyk türgenler örän begendiler, sebäbi olar türgenleşmek üçin öň Mary şäherine gatnamaly bolýardylar. Indi olaryň sport bilen meşgullanmaga wagty has artdy we bu özüniň oňat netijesini berýär.


Mary şäherinde tamamlanan taekwondo ITF boýunça welaýat birinjiliginde ýaş türgenler umumy toparlaýyn hasapda ikinji orny eýelediler. Awgust aýynyň başynda Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen taekwondoçy weteranlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşan Bäşim Şirmämmedowyň tälim berýän türgenleri başa-baş söweşiň bu görnüşiniň bäş ugry boýunça baýrakly orunlaryň otuza golaýyna mynasyp boldular.

Häzir bolsa ýaş taekwondoçylar noýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlara taýýarlanýarlar. Şol bäsleşikleriň jemleri boýunça 2014-nji ýylyň iň güýçli türgenleri yglan ediler.

Täze sport mekdebinde Döwran Artykowyň tälim berýän dzýudo, sport we söweş sambosy bilen meşgullanýan türgenleri hem jogapkärli ýaryşlara taýýarlanýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu sport mekdebinde “ýaragsyz özüňi goramak” görnüşi boýunça öňdäki dynç alyş günleri geçiriljek welaýatyň birinjiligine iň soňky taýýarlyklar görülýär.

Ýerli türgenler ençeme gezek ýurdumyzda guralýan dürli derejedäki ýaryşlarda ýokary ussatlygyny görkezdiler. Indi bolsa ýöriteleşdirilen täze sport mekdebiniň açylmagy bilen olaryň özleriniň hem ýaryş geçirmekleri hem-de öňde boljak Aziada-2017 üçin örän zerur bolan guramaçylyk tejribesini toplamaga mümkinçilik peýda boldy.