Ï Türkmen sazlary nemes muşdaklarynyň kalbyna doldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen sazlary nemes muşdaklarynyň kalbyna doldy

view-icon 1191
Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaşlardan ybarat bolan kamera orkestri Rihter Wagneriň watanynda – Germaniýanyň uly bolmadyk şäherinde Baýreýtde açylan Ýaş ýerine ýetirijileriň festiwalyna ikinji sapar gatnaşdylar. Festiwala türkmen sazandarlaryndan we wokalçylaryndan başga hem Hytaýdan, Ýordaniýadan, Portugaliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Ermenistandan we beýleki ýurtlaryndan gelen sazandalar we hor aýdymyny ýerine ýetirijiler myhman hökmünde gatnaşdylar.

Ýaş ýerine ýetirijileriň festiwaly geçen ýyl Bawariýanyň şäherleriniň ikisinde geçirilen bolsa, ona bu ýyl festiwala gatnaşyjylary şäherleriň sekizsinde garşy aldylar diýip, Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýaşlar kamera orketriniň dirižýory rasul Kleçew belleýär. Orkestr şäherleriň her birinde hem solo konsertini berdi. Durdy Nuryýewiň ”Liriki poemasy” , Hydyr Allanurowyň Magtymgulynyň “Näme sen” diýen goşgusyna döreden romansy, Weli Ahmedowyň “Bu gün” romansy we “Säherde” pýesasy,şeýle hem Asto Pýassollanyň “Liber tango”, Karl Mariý fon Feberiň “Fantaziýasy” ýaly dünýä klassikasynyň eserleri ýerine ýetirildi. Skripkaçylar festiwalyň çäklerinde meşhur nemes skripkaçysy Daniel Dragonowdan ussatlyk sapagyny aldylar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýaşlar kamera orkestri sazçylyk ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda 2008-nji ýylda döredildi hem-de bu günki gün biziň ýurdumyzda we onuň çäkleriniň daşynda hem meşhurdyr.