Ï Gamburgda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gamburgda Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenildi

view-icon 4777
Türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şu ýyl bellenilip geçilýän doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna Gamburgda (Germaniýa Federatiw Respublikasy) dabaraly çäre geçirildi. Bu ýerde nusgawy şahyryň döredijiligine bagyşlanyp ylmy-edebi maslahat geçirildi. Oňa görnükli türkmen alymlary, taryhçylary, golýazma mirasyny öwrenijiler, dilçiler we magtymgulyşynaslar, ýazyjylar, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Olaryň Pyragynyň döredijiligi bilen meşgullanýan nemes kärdeşleri hem bu maslahatda çykyş etdyler.

Duşuşykda Magtymgulynyň ölmez-ýitmez goşgy eserleri türkmen we nemes dillerinde ýaňlandy, şeýle hem türkmen edebiýatynyň ägirdine bagyşlanyp ýazylan häzirki zaman şahyrlaryň goşgulary ýaňlandy. Türkmen artistleriniň – halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň we estarda aýdymçylarynyň konsertde eden çykyşlary dabaraly çäräniň şowhunyny artdyrdy. Dutaryň owazy, Magtymgulynyň sözlerine döredilen aýdymlar, folklar toparlarynyň çyktşlary, milli lybaslarda ýerine ýetirilen tanslar nemes tomaşaçylarynda uly täsir galdyrdy. Gamburgyň ýaşaýjylary türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyny uly gyzyklanma bilen synladylar.

Türkmenistanyň wekilýeti Gamburgda ýaşaýan türkmenler bilen duşuşdylar. Olar myhmanlary uly toý dabarasy bilen garşy aldylar. Türkmenistanyň GFR ilçihanasy we «Yamrali Trading GmbH» nemes kompaniýasy bu çäräni guraýjylar bolup çykyş etdiler.