Türkiýede we Makedoniýada gylyçlaşmak boýunça tamamlanan halkara ýaryşlary türkmen türgenlerine uly üstünlik getirdi. Olar 3 altyn, 1 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.
Gylyçlaşyjylaryň ýygyndy topary üçin Makedoniýanyň Struga şäherinde geçirilen ýaryş örän şowly boldy. Oňa 10 ýurtdan 100-den gowrak türgenler ýygnandylar. Bu ýerde biziň türgenlerimiz erkekleriň arasyndaky ýaryşda iki görnüşde çykyş edip, ýeňiş gazandylar.
“Gylyç” görnüşinde Serdar Baýramow altyn medal gazandy. Ol geçirilen üç duşuşykda Gresiýadan, Makedoniýadan we Serbiýadan bolan türgenleri ýeňdi. Şpagaçylaryň ýaryşynda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna Ahmet Agaýew çykdy. Ol altyn medala ýetmek ugrunda ýer eýeleriniň toparynyň wekilleriniň ikisini, Finlýandiýadan bolan türgeni ýeňdi we jemleýji duşuşykda öz topardaşy, netijede kümüş baýraga eýe bolan aşgabatly Wýaçeslaw Woronine hiç hili mümkinçilik goýmady.
Şu görnüşde Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýeländigini bellemek zerurdyr.
Şpaga bäsleşiklerinde Meňli Goýunlyýewanyň gazanan bürünç baýragynyň netijesinde biziň ýurdumyzyň zenanlar topary hem ýaryşyň iň oňat üç toparynyň hataryna girdi.
Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen gylyçlaşmak boýunça ikinji halkara ýaryşynda hem türkmenistanlylar umumy toparlaýyn hasapda iň oňat netijeleriň birini görkezdiler. Mysal üçin, şpagadaky ýaryşlarda watandaşlarymyz üç baýrak—1 altyn we 2 bürünç medallary gazandylar. Olara degişlilikde W.Woronin, S.Baýramow we A.Agaýew mynasyp boldular.
Türkmenistanyň sport üstünlikleriniň üstüne S.Baýramow ýene-de bir bürünç medaly gylyçlaşyjylaryň ýaryşyna gatnaşyjy hökmünde goşdy. Şpagada zenanlaryň arasyndaky bäsleşiklerde iki sany üçünji orny Aýlar Melikowa we Mariýa Karpowa eýelediler.
Kabaddi ýaryşynda ilkinji “bürünç” medal
Türkmenistanyň üstünliginiň hataryna indi kabaddi boýunça ýaryşlarda gazanylan ilkinji halkara ýeňşi hem goşup bolar. Biziň watandaşymyz Döwlet Bäşimowyň çykyş eden Hindistanyň Bihar welaýatynyň Patna şäheriniň topary bu ýurduň kabaddi boýunça geçirilen hünär liga çempionatynda üçünji orny eýeledi.
Kabaddiniň hünär liga çempionaty barada gürrüň edip, oňa her ýylda bütin dünýäden iň oňat türgenleriň çagyrylýandygyny bellemek gerek. Şu ýyl bu ýaryşa ilkinji gezek Türkmenistandan bolan türgen Döwlet Bäşimow hem gatnaşdy. Bijä görä, Patna şäheriniň ýygyndysyna biziň watandaşymyz bilen birlikde, şeýle hem Koreýa Respublikasyndan we Pakistandan bolan türgenler girdiler.
Ýaryşa jemi 8 topar gatnaşyp, aýlaw görnüşinde 2 tapgyrda bäsleşdiler.
14 duşuşykdan “Patna” 7 ýeňiş gazanyp, iki gezek deňme-deň oýnady. Bu bolsa oňa üçünji orny we bürünç baýragy üpjün etdi.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçi Orif Buharakowyň tälim berýän 18 ýaşly türgeni hünär liga çempionatyna gatnaşan iň ýaş türgen boldy. D.Bäşimowyň ýaş bolmagy oňa özüniň iň oňat sport häsiýetlerini ýüze çykarmaga bökdençlik döretmedi. Tersine, ol köp babatda toparyň ýokary netije gazanmagyna ýardam etdi.
... Kabaddi toparlaýyn oýny Aziýada örän meşhurdyr. Ol yklymyň Aziýa böleginiň esasy sport ýaryşlarynyň ikisiniň – nusgawy Aziýa oýunlarynyň hem-de ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziadanyň maksatnamasyna girýär.
Kabaddiden başga-da, D.Bäşimow başa-baş söweş bilen meşgullanýar. Hususan-da, Şöhrat Alaýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýän Döwlet köptaraply söweş boýunça bäsleşiklerde, şol sanda halkara sport ýaryşlarynda ýokary netijeler gazandy. Ine, iýun aýynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda ol 75 kilograma çenli agram derejesinde kümüş baýrak gazandy.
Häzir D.Bäşimow sportuň şu görnüşleri boýunça milli ýaryşlaryň güýzki tapgyrlaryna taýýarlanýar.
Russiýanyň Medyn şäherinde sentýabryň ikinji ýarymynda 14 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda köptaraply söweş boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa biziň ýygyndy toparymyz hem gatnaşar. Ýaş türkmen türgenlerine diňe bir tutlyşyklarda däl, eýsem-de, sport ugurly pyçaklary zyňmak boýunça bäsleşmek garaşýar.
2017-nji ýylyň Aziadasyna--ajaýyp gök meýdançalar
... Şu günler türkmen hünärmenleriniň topary dürli pudaklarda, şol sanda sport ulgamynda peýdalanmak üçin niýetlenen tebigy ot örtüklerini dünýäde meşhur öndüriji bolan “Richter Raisen” kompaniýasynyň ýörite çagyrmagy boýunça Awstriýa Respublikasynda bolýar.
Awtriýanyň bu kompaniýasy şu ýylyň ýaz aýynda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilen “Aşgabat -- Aziada-2017-niň paýtagty” atly halkara sergisine gatnaşdy. 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşy bilen tanşyp, daşaýy ýurt kompaniýasynyň wekilleri dünýä sportunda eýýäm uly seslenmä eýe bolan bu forumy guramagyň möçberlerine örän haýran galdylar hem-de özara hyzmatdaşlyk etmek barada birnäçe teklipler bilen çykyş etdiler.
“Richter Raisen” kompaniýasy Ýewropa çempionatlaryny ot örtügi bilen üpjün etmek babatda Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň /UEFA/ hyzmatdaş kompaniýalarynyň sanawynda ilkinji orunda durýar. Hususan-da, 2012-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatyna futbol meýdançalaryny eltiji esasy kompaniýa boldy. Häzir bolsa “Richter Raiseniň” wekilleri 2018-nji ýylda Russiýada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionaty üçin buýurmalary ýerine ýetirmäge girişdi.
Ýurdumyzyň sport ulgamynyň hünärmenleriniň Awstriýada bolmagynyň maksatnamasynda ot örtukleriniň dürli görnüşleriniň önümçilik işleri, olary uzak aralyga aşyrmagyň usullary, kompaniýanyň ylmy işläp taýýarlamalary we beýlekiler bilen tanyşmak göz öňünde tutulandyr. Türkmen wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Slowakiýanyň, Ştiriýanyň federal ýeriniň iň oňat futbol meýdançalaryna we meşhur “Atletik Area Şladming” stadionyna baryp görerler.