Şu gün welaýatyň merkezinde—Mary şäherinde nobatdaky durmuş maksatly täze desga—365 orunlyk döwrebap sport mekdebi ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasy aýdym-sazlara, türgenleriň görkezme çykyşlaryna, işde tapawutlanan gurluşykçylara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagyna beslenen uly baýramçylyga öwrüldi.
Sport mekdebiniň binasy dünýä ölçeglerine, häzirki zaman talaplara doly laýyklykda gurlupdyr. Onuň otaglary we zallary bir maksada—türkmenistanlylaryň ýaş nesline sport ussatlygyny artdyrmak üçin oňaýly şertleri döretmäge hyzmat edýär. Binanyň içindäki howany degişli derejede saklamak üçin döwrebap ýyladyş ulgamy, howany tämizleýji we sowadyjy göz öňünde tutuldy.
Mekdepde türgenleşik zaly, woleýbol, basketbol, gandbol, kiçi futbol oýnamak üçin zallar, küşt şaşka ýaryşlaryny geçirmek üçin zallar, şeýle hem tälimçiler üçin otaglar bar. Mekdebiň ýanaşyk ýerinde dürli sport oýunlaryny geçirmek üçin meýdançalar, uly we kiçi tennis üçin kortlar gurlup, olar dürli agaç nahallary oturdylan baglara beslendi.
Welaýat we şäher häkimlikleriniň, sport komitetleriniň wekilleri, türgenler, sport hereketiniň halypalary, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly raýatlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasaty netijesinde döwletimiziň sport ulgamyny ösdürmäge, şol sanda döwrebap sport-sagaldyş desgalarynyň gurluşygyna, sport ulgamyny ösdürmäge uly möçberde serişde goýberýändigini buýsanç bilen bellediler. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyza türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösmegi barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda geçirýän ägirt uly özgertmeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.