Ýurduň täze açylan ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary köpçülikleýin bolup paýtagtyň Saglyk ýoluna çykdylar.
Soňky döwürlerde aşgabatlylaryň we onuň myhmanlarynyň dynç alýan ýerine öwrülen bu ajaýyp dag ýolunyň basgançaklary bilen mugallymlarydyr talyplar biri biriniň yzyndan ýeňillik, meýletinlik, şadyýan aýdymdyr degişmeler bilen geçip başladylar. Eýýäm säher bilen ýaşulylardyr ýaşkiçiler bu ýere ýetmäge alňasaýar. Sebäbi olar bu ýere alňasamak biulen bu ýerden keýpi hoşlugy, täze güýýji we saglygy, şähdaçyklygy alýarlar.
Halkara Ynlanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyp ýaşlary üçin Saglyk ýoluna bilelikdäki ýörüş bolup, berk dostlugyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Sebäbi, öňde goýlan maksada bütewi bolup ymtylmak – beden taýdan sagdyn we bagtly bolmaga itergi berýär!
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň ilkinji sapar Saglyk ýoluna çykmaklary bilen, bu täze ýokary okuw mekdebiniň sport terjimehaly başlandy. Bu ýerde geljekki hünärmenler saýlap alan hünärleriniň inçe syrlaryny ele elmak bilen, özleriniň hemme taraplaýyn ösmekleri üçin beýleki esasy ugurlary hem ýatlaryndan çykarmazlar. Eýýäm bu günki gün bu uniwersitetde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ogalanlary we gyzlary bir ýere toplamak bilen, sport toparlary emele gelýär. Sebäbi indi olaryň öňünde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýylda geçirilýän sport bäsleşiklerinde öz ýokary okuw mekdepleriniň abaraýyny goramak wezipesi durýar.