Ï Sport taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sport taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy

view-icon 807
Daşoguz şäheriniň “Garaşsyzlyk” sport toplumynyň okuw-türgenleşik merkezinde Aziýa futbol konfederasiýasynyň maksatnamasy boýunça tälimçilik sapaklary geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlangyçlary bilen geçirilen bu çärä Daşoguz welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň futbol boýunça tälimçileri gatnaşdylar.

Tälimçiler bilen sapaklary Aziýa futbol konfederasiýasynyň instruktory Röwşen Muhadow we FIFA-nyň instruktory Allaberen Sapaýew dagy geçirdiler. Futbolçylary taýýarlamamgyň teoretiki esaslaryny peýdalanmak we iş ýüzünde täze usullary ulanmak, ýurduň sport mekdepleriniň futbol seksiýalarynyň oýunçylary bilen şahsy işleri kämilleşdirmek, türgenleşikleri meýilleşdirmek, türgenleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Futbol tälimçileri üçin halkara bäsleşikleriň çäklerinde duşuşyklary geçirmegi guramak boýynça wideoýazgylar görkezildi.

“Garaşsyzlyk” sport toplumynyň stadionynda futbol dürli ýaşly toparlarynyň oýunçylaryna sport meýdançasynda tehniki-taktiki hereketleri öwretmegiň netijeli usullaryny ulanmak boýunça praktiki sapaklar geçirildi. Aziýa futbol konfederasiýasynyň maksatnamasy boýunça şular ýaly okuwlaryň geçirilmegi tälimçilere teoretiki häsiýetdäki giň maglumatlary almaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi. Tälimçiler ýurduň ähli sebitlerinde gurlan sport toplumlarynyň stadionlarynda we sport desgalarynda oňat hilli okuw-türgenleşik binýadyň döredilendigini bellediler. Bu bolsa öz gezeginde ýurtda sport hereketlerini we türkmen futbol mekdeplerini mundan beýläk hem ösdürmäge esas bolup durýar.