Ï Inçhonda Aziýa yklymynyň esasy ýaryşlary badalga alýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inçhonda Aziýa yklymynyň esasy ýaryşlary badalga alýar

view-icon 870
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde nobatdaky – XVII Aziýa oýunlarynyň açylyşy bolar. Oňa 44 ýurtdan 13 müň töweregi türgenler ýygnandylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ýygyndy topary hem bar. Biziň watandaşlarymyz sportuň 12 görnüşinde -- tennis, woleýbol, suwda ýüzmek, wolesport, dzýudo, boks, taekwando (WTF görnüşi boýunça), uşu söweş sungaty, karate ýeňil we agyr atletika, erkin we grek-rim göreşi boýunça çykyş ederler.

Olimpiadada bolşy ýaly, Aziýa yklymynyň bu iri möçberli oýunlary hem dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Aziýadany sport toparlarynda şeýle hem “nysgawy” diýip atlandyrýarlar, çünki ol mazmun taýdan Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyny gaýtalaýar. Aziýa oýunlary sportuň köp görnüşlerini işjeň wagyz edip, yklymyň şu böleginde uly meşhurlyga eýe boldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taslamasyny durmuşa geçirendigini ýatlap geçeliň. Bu toplumlaýyn ýaryşlar, ilkinji nobatda, sportuň olimpiýa däl görnüşlerini ösdürmek üçin oýlanyşyldy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hünärmenleriniň pikirine görä, olar geljekde giňden ýaýrap, halkara sport hereketiniň ösmegine uly täsir eder.

Dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna şeýle uly üns bermegi hem şondan gelip çykýar. Türkmen paýtagtynda geçiriljek Oýunlar hem yklym oýnlarynyň çäklerinden çykdy: ilkinji gezek olara Awstraliýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň toparlary gatnaşarlar.

Koreýa Respublikasyndaky XVII Aziada barada aýdylanda bolsa Inçhonda ilkinji bolup woleýbolçylar bäsleşerler. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar 20-njy sentýabyrdan 3-nji oktýabra çenli, ýagny oýunlaryň döwrüniň bütin dowamynda geçiriler.

Türkmenistanyň woleýbol topary Koreýadaky ýaryşlaryň öň ýanynda düýpli taýýarlyk geçdi. Ýurdumyzyň sport meýdançalaryndaky yhlasly türgenleşiklerden başga-da Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Täçnazarowyň türgenleri Belarus Respublikasynyň paýtagtynda “Staýki” halkara sport merkeziniň binýadynda okuw türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Ol ýerde köp sanly meşhur woleýbol toparlary we milli ýygyndylary jogapkärli ýaryşlara taýýarlanýarlar.

Biziň ýygyndymyzyň düzümine woleýbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda öňdäki orunlary eýeleýän toparlaryň türgenleri girdiler. Biziň woleýbolçylarymyzyň Filippinlerde geçirilen Aziýa çempionatynda çykyş edip, iň güýçli toparlaryň onusynyň hataryna girendigini ýatlalyň.

Häzirki Aziadada biziň watandaşlarymyzyň öňünde ilki bilen toparlaýyn tapgyrdan saýlanyp, çärýek finala çykmak wezipesi durýar. Bu wezipe ýeňil däldir, sebäbi Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bir toparda Aziýa çempionatynyň bürünç baýragynyň eýeleri bolan hytaýly woleýbolçylar, Taýlandyň we Mýanmanyň ýygyndylary çykyş ederler. Iň oňat toparlaryň diňe ikisine ýaryşlaryň indiki tapgyrlaryna geçmek nesip eder.

Özüniň esasy garşydaşy bolan Hytaýyň ýygyndysy bilen türkmenistanlylar 23-nji sentýabrda duşuşar. Onuň öň ýanynda bolsa taýlandly wolýebolçylary ýeňmek zerur bolar. Biziň ýygyndymyz üçin topardaky oýunlaryň tapgyry 27-nji sentýabrda Mýanmanyň ýygyndysynyň duşuşygy bilen tamamlanar.

Woleýbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aziýadada üstünlik meýdançada ýyldyrym çaltlygyndaky hereketlere bagly bolar diýip belläp, ýaş türgenlere aýratyn üns berdi. Ähli zady duşuşygyň birinji sekundyndan iň sekundyna çenli ýokary depgini saklap bilmek we tizlik çözer. Şoňa görä-de, ýygyndynyň düzümine giren türkmen woleýbolçylarynyň ortaça ýaşy 18-20 ýaşa deňdir.

Ýöne, biziň toparymyzyň düzüminde ençeme halkara ýaryşlaryna gatnaşan tejribeli türgenler hem bar.

20-sentýabrda Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Aziýada oýunlarynyň sport meýdançalaryna şeýle hem agyr atletikaçylar, dzýudoçylar, tennisçiler we uşu söweş sungatynyň ussatlary çykarlar. Ertesi gün baýraklar ugrunda bäsleşige suwda ýüzüjiler goşularlar. 24-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralykdaky döwürde bolsa türkmenistanlylar boks, ýeňil atletika, welosport hem-de sport göreşi boýunça ýaryşlarda çykyş ederler.