Sahna sungatyny söýýänler güýz paslynyň gelmegine hemişe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Sebäbi bu pasylda hem artistleri, hem tomaşaçylary tolgundyrýan we begendirýän waka – täze teatr möwsümi başlanýar. Aşgabadyň teatrlary täze möwsümiň öz ilkinji tomaşaçylaryny iň gowy sahna oýunlary bilen garşyladylar. Bu oýunlar eýýäm öz janköýerlerini tapdylar hem-de köpçüligiň söýgüsine we ykraryna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Döwlet drama teatrynyň sahnasynda dramaturg Nobatguly Rejebowyň “Dessembil” oýny režissýor Eziz Işangulyýewiň sahnalaşdyrmagynda görkezildi. Bu spektakl söýgi, döreijilikli zähmete ymtylýan ýaşlar barada bolup, ony Türkmenistanyň Halk artistleri Myrat Orazmuhammedow we Maksat Hydyrow, aktýor Sary Saryýew dagy öz döreden keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmek bilen bezediler.
Ýurduň baýry teatrlarynyň biri bolan A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama tetry täze möwsümde öz tomaşaçylaryny “Arşin mal alan” sazly gülkili oýun bilen garşylady. Bu oýun Azerbaýjan dramaturgy we kompozitory Uzeir Gajybekowyň eseri boýunça Türkmenistanyň At gazanan artisi, režissýor-oýun goýujy Natalýa Laukertiň sahnalaşdyrylmagynda goýuldy. Oýun başlamazdan ozal tomaşaçylary G.Swiridowyň hiç wagt könelmeýän walsynyň sazy astynda Türkmenistanyň At gazanan artisti Swetlana Troiskaýa we Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi Andreý Pawlow dagy tomaşaçylary teatryň 88-nji möwsüminiň aýşçylmagy bilen gutladylar. Teatr bu möwsümde türkmen, rus we daşary ýurt dramaturglarynyň eserlerinden onýunlaryň 25-ni tomaşaçylara görkezer.
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry öz täze möwsümini “Gel kenara söwer ýar” atly oýun bilen açdy. Batyr Batyrowyň pýesasy esasynda goýlan bu spektaklda döwürdeşlerimiz, adamlaryň ykballaryny birleşdiren Awazada bolýan duşuşyklar barada gürrüň berilýär. Teatryň geljekde döredijilik meýilnamalarynda “Japbaklar” atly çagalar sazly spektaklyny we biziň döwürdeşlerimiz barada gürrüň berýän dramaturg Myrat Ömrüň “Men seniň bilen galýan” atly spektaklyny sahnalaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Alp Arslan adyndaky ýaşlar teatry täze möwsümiň açylan gününde tomaşaçylara G.Kakabaýewiň pýesasy esaynda režissýor, Türkmenistanyň At gazanan artisti H.Berdiýew tarapyndan sahnalaşdyrylan “Magtymguly Pyragy” spektaklyny görkezdi. Beýik şahyryň ýibileý toýy mynasibetli sahnalaşdyrylan bu spektaklda baş keşbi Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Halmämmedow ýerine ýetirdi.
Täze başlanýan möwsüm örän gyzykly bolar diýlip garaşylýar. Öňde Ýurduň garaşsyzlyk gününiň hormatyna paýtagtyň teatrlarynda görkeziljek premeralar we iň gowy oýunlar garaşýar. Teatr sungatyny söýüjilere täze oýunlar, artistlere bolsa – sahnada döredijilikli joşmak we tomaşaçylar bilen tolgundyryjy duşuşyklar garaşýar.