Ï Inçhonyň baş stadionynda Olimpiýa alawy ýakyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inçhonyň baş stadionynda Olimpiýa alawy ýakyldy

view-icon 809
Şu gün Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäheriniň merkezi stadionynda XVII Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýaryşlar Aziýanyň 45 ýurdundan 10 müňden gowrak türgeni jemledi. Aziýa oýunlarynyň baş arenasynda köp öwüşgünli şüweleň ýaýbaňlandyryldy. Onuň barşynda ýaryşa gatnaşýan toparlaryň ählisi wekilçilik etdi. 2014 adamdan ybarat bolan türgenler topary hormat ýörişini amala aşyrdy. Munuň özi şu Oýunlaryň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň baýdak göterijisi biziň woleýbol boýunça toparymyzyň kapitany Gurban Gurbandurdyýew boldy.

Aziadanyň nyşanlary Sary deňizde ýaşaýan üç düwlendir. Ýaşyl düwleniň ady terjime edilende “Ýagtylygy”, gülgün-mämişi reňkli düwleniň ady “Ýeli”, mawy reňkliniňki bolsa “Tansy” aňladýar. Aziýa oýunlarynyň kuwwatyny alamatlandyrýan bu üçlük köp öwüşgünli şüweleňiň many-mazmunyny kesgitledi. Onuň başky bölegi gadymy döwürlerden bäri Aziýanyň ösüşiniň taryhyna bagyşlanandyr. Onuň esasy pikiri bolsa yklymyň halklarynyň agzybirligi we dostlugy bilen baglanyşyklydyr.


Ägirt uly stadion sabyrsyzlyk bilen garaşylan Aziýa oýunlarynyň Alawyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylady. Koreýanyň Inçhon şäherinde getirilmezden öň, bu Alaw Hindistandan Hytaýyň, Wýetnamyň we beýleki ýurtlaryň üsti bilen uzak ýoly geçdi. Bu ýol Nýu-Deli şäherinden başlandy, şol ýerde birinji Aziada geçirildi. Aziýa oýunlarynyň baş stadionynda ägirt uly suw çüwdürimde mukaddes alaw ýananda, şowhunly el çarpyşmalar has-da güýçlendi. Şelýelikde, ýaryşy guraýjylar biri-birine gabat gelmeýän iki tebigy hadysany – ot bilen suwy utgaşdyryp boljakdygyny görkezdiler.

Bäş derejeli ägirt uly stadiona 60 müňden gowrak tomaşaçy ýerleşýär. Şu gün bu ýerde ekeje-de boş orun galmady. Şu toplumlaýyn ýaryşy guraýjylar açylyş dabarasynyň maksatnamasynda sportuň parahatçylyk we halklaryň birleşmegi üçin iň gowy serişde bolup durýandygyna aýratyn üns berdiler. Koreýa Respublikasynda geçirilýän bu oýunlara Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň toparynyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toparyň stadionda peýda bolmagyny ýaryşlaryň eýeleri hakyky şatlyk duýgusy bilen garşyladylar.

Bu Aziada, durmuşda bolmalysy ýaly, sport hem hemmeleriň deňdiginiň iň gowy mysaly bolup hyzmat edýär: oýunlara Tailand Patyşalygynyň şazada zenany Siriwannawari gatnaşar. Ol at üstündäki ýaryşda medallar ugrunda göreşer.

Şeýlelikde, Aziýanyň esasy sport forumy özüniň alawyny ýakdy. Ol ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi üçin belent sepgitlere ýetmegiň ýolunda özboluşly şamçyrag bolar. 20-nji sentýabrda ilkinji ýaryş güni başlanar. Aziýada bolsa 4-nji oktýabrda tamamlanar.

Aziýa oýunlarynda sportuň 36 görnüşi boýunça bäsleşiler. Sportuň şol görnüşleri boýunça ýaryşlar Koreýa Respublikasynyň şäherleriniň onusynyň 49 stadionynda geçiriler. Jemi medallaryň 439 toplumy ugrunda güýç synanyşylar. Şol medallary almak ugrunda Aziýanyň 45 ýurdundan türgenleriň 10 müňe golaýy göreşer. Ýaryşlaryň barşyny köp sanly žurnalistler, şol sanda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şöhlelendirer.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýokary netijeler spoty täze ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň türgenleri üçin bu ýaryşlar Aziýa yklymynyň iň gowy türgenleri bilen bäsleşikde tejribe toplamaga oňat mümkinçilik bolar. Bu tejribe 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda hem gerek bolar. Biziň türgenlerimiziň şeýle derejedäki ýaryşlarda entek uly tejribesi bolmasa-da, biz olaryň Inçhonda üstünlikli çykyş etmegine umyt edýäris.

Türkmen ýigitleri we gyzlary, biz size ynanýarys we bil baglaýarys!