Häzir Koreýada geçýän XVII Aziýa oýunlarynyň ilkinji güni türkmen topary üçin möhüm ýeňiş bilen başlandy. Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa 52 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça ýaryşlarda ajaýyp çykyş edip, kümüş medalyny eýeledi.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baş Assambleýasynyň mejlisi şü günüň möhüm wakalarynyň ýene-de biri boldy. Onda dürli toplumlaýyn halkara ýaryşlarynyň, şol sanda ýapyk bnalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taslamalary bilen tanyşdyryldy.
Kümüş medal zehinli türkmen türgen zenanynyň ilkinji üstünligi däldir. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Çemengül Geldibaýewanyň we Dörtguly Tejenowyň şägirdi 2012-nji ýylyň sambo boýunça dünýä çempionaty, Bütindünýä uniwersiada—2013, guşakly göreş boýunça bäsleşikler, dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk Kubogy—2012 we beýleki iri ýaryşlar ýaly bäsleşiklerde ýeňişleri gazandy.
Ynha indi Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekili G.Babamyradowa Koreýada geçýän Aziýa oýunlarynyň wise-çempiony boldy. Finala alyp barýan ýolda ol tutluşyklaryň üçüsini geçirip, olaryň barşynda gyrgyz türgenini, soňra bolsa Aziadanyň eýeleriniň wekilini ynamly boýun egdirdi hem-de ýarym finalda Gazagystandan bolan dzýudoçy zenanyň mümkinçiliklerini böwetledi.
Aýgytlaýjy tutluşykda Gülbadam Ýaponiýadan gelen türgen bilen duşuşdy. Tutanýerli göreşiň barşynda türkmen türgeni öz bäsdeşinden asgyn geldi. Emma şeýle bolsa-da, G.Babamyradowanyň aýdyşy ýaly, gazanylan üstünlik onuň öz ýurduna we türkmen sportuna bolan buýsanjyny artdyrdy. Türkmen spordy bolsa halkara sport giňişliginde ýylsaýyn meşhurlyga eýe bolýar.
Aziýa oýunlarynyň ilkinji güni medalyň gazanylmagy biziň toparymyz üçin uly üstünlik, şeýle hem milli ýygyndymyzyň beýleki wekilleri üçin ajaýyp görelde we ýeňşe bolan uly ynam bolup durýar.
Biziň türgenlerimiz Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda sportuň 12 görnüşinde bäsleşýärler. Şu gün ildeşlerimiz, dzýudadan başga-da tennis boýunça toparlaýyn ýaryşlarda ilkinji oýunlaryny geçirip, ynamly ýeňişleri gazandylar. Başlangyç tapgyrda biziň türgenlerimiz Isa Mämmetkulyýew, Aleksandr Ernepesow we Georgiý Poçaý 3:0 hasaby bilen Kambojanyň toparyndan üstün çykdylar. Ertir olara koreýaly tennisçiler bilen bäsleşikler garaşýar.
Uşu boýunça türkmen ussatlary hem ilkinji ýeňişleri bilen tapawutlandylar. Hususan-da, Jennet Aýnazarowa 1/16 finalda 60 kilograma çenli agram derejesinde Mongoliýadan gelen türgeni ýeňip üstünlik gazandy. Iindiki duşuşykda biziň türgen zenanymyza Täjigistanyň wekili garşy durar.
21-nji sentýabyrda türkmen toparynyň düzüminden suwda ýüzüjiler ýaryşa başlarlar. Şonuň ertesi woleýbol boýunça erkekler topary bäsleşige girişierler. Bulardan başga-da 24-nji sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda boksçylar, agyr atletikaçylar, ýeňil atletikaçylar, welosipetçiler, taekwondo (WTF ugry) sport göreşi we karate boýunça türgenler öz ussatlygyny görkezerler.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň mejlisi barada aýdylanda bolsa, onuň eýýäm 33-nji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şu gezekki mejlis toplumlaýyn ýaryşlaryň taslamalary bilen tanyşdyrmak boýunça giň gerimli bolup, olaryň arasynda 2017-nji ýylda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary baradaky çykyş mejlise gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Gatnaşjak ýurtlaryň sany boýunça (Aziýadan bolan toparlardan başga-da Aşgabat şäherine Awstraliýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri geler) rekord gazanan V Aziadanyň taslamasy bilen şol oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň başlygy D.Gurtgeldiýew we Türkmenistanyň Mili olimpiýa komitetiniň baş sekretary A.Myradow tanyşdyrdylar.
Baş Assambleýa gatnaşyjylar—Aziýa ýurtlarynyň milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary we sport desgalaryny gurmaga hem-de Olimpiada, Aziada ýaly iri sport çärelerini guramaga ýöriteleşen belli kompaniýalaryň wekilleri Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň barşy, bu ýerde türgenler üçin döredilýän şertler, şol sanda olaryň ýaşamagy, iýmitlenmegi we beýlekiler bilen bagly bolan şertler bilen tanyşdylar.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň alyp barýan işleriniň gysga döwründe Türkmenistanyň ägirt uly sport taslamasyna taýýarlyk görmek boýunça uly işler geçirildi—öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi, biziň türgenlerimizi taýýarlamak üçin belli tälimçiler çekilýär we beýleki işler amala aşyrylýar.
Bular barada AOG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde wideo film arkaly habarlarda tanyşdyryldy. Netijede türkmen taslamasy öz pikiri we gerimi boýunça örän uly möçberli diýlip ykrar edildi. Ýeri gelende aýtsak, mejlisiň barşynda IV we V Aziýa kenar oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça habarlar bilen hem tanyşdyryldy. Şol oýunlar degişlilikde şu ýylyň 14-23-nji noýabr aralygynda Phuket şäherinde (Taýland) we 2016-njy ýylda Wýetnamda geçiriler. Ýakutskide (Russiýa, 2016-njy ýyl) däbe görä geçirilýän “Aziýanyň çagalary” atly VI Halkara sport oýunlaryna we 2017-nji ýylda Sapporo we Obihiro şäherlerinde geçirilmegi meýilleşdirilen sportuň gyşky görnüşleri boýunça VIII Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk barada hem çykyşlar edildi. Elbetde bu toplumlaýyn ýaryşlaryň hemmesine türkmen türgenleri hem gatnaşarlar.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýanyň 34-nji mejlisi bolsa geljek ýylyň güýzünde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler.