Şu gün paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaş türkmen figuralaýyn typyjylary Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony, dünýäniň on bir gezek çempiony we Ýewropanyň on gezek çempiony Irina Rodnina bilen duşuşdylar. Dünýä meşhur figuralaýyn typyjy zenan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Mekdep medeni-sport festiwalyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň sport wekiliýetiniň düzüminde Aşgabat şäherine geldi.
Türkmenistana saparynyň çäklerinde Irina Rodnina Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaş türkmen figuralaýyn typyjylary bilen okuw-türgenleşigini geçdi. Bu çäre ady rowaýata öwrülen türgen zenanyň biziň ýurdumyza her ýyl guralýan saparynyň maksatnamasynda däbe öwrüldi. Ösüp gelýän türkmen türgenleri üçin bu okuw - türgenleşikleri ähmiýetli waka öwrülip, olara şatlykly duýgulary, täze bilimleri we endikleri getirip, olaryň sport durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülýär.
Figuralaýyn typmagyň görnükli ussadynyň ýaş türkmen türgenleri—Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Sport mekdebiniň okuwçylary bilen geçiren bu gezekki duşuşygy hem ähmiýetli boldy. Çäre Russiýa Federasiýasyndan gelen wekiliýeti, şol sanda arzyly myhmany mähirli garşylamakdan başlanyp, Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ösüp gelýän figuralaýyn typyjylaryň buz üstündäki toparlaýyn we ýekelikdäki çykyşlary bilen utgaşdy.
Meşhur türgen çärä gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, olar bilen ruhubelent ýagdaýda türgenleşige girişdi. Onuň beren maslahatlary figuralaýyn typmak boýunça türkmen tälimçileri we olaryň okuwçylary üçin nobatdaky gezek ýokary ussatlygyň gymmatly sapagyna öwrüldi.
Irina Rodninanyň we ýaş türkmen türgenleriniň duşuşygy tötänleýin bolmady. Onuň maksady ýaş türgenleri geljek ýyl geçiriljek halkara derejesindäki sport çärelerine, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaga taýýarlamaga kömek bermekden ybaratdyr. Şol çäreleriň hatarynda 2015-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek Çagalaryň buz üstündäki tanslarynyň halkara festiwaly bar.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy netijesinde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini, şol sanda figuralaýyn typmagy okgunly ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, türgenlerimiziň, hususan-da, ýaş figuralaýyn typyjylaryň halkara derejeli sport wakalarynyň çäklerinde ençeme gezek dürli sylaglar bilen sylaglanandygyny aýtmak gerek. 2013-nji ýylyň aprelinde Moskwada geçirilen Çagalaryň buz üstündäki tanslarynyň halkara festiwalynda türkmenistanly ýaş türgenlere örän gowy çykyşlary üçin festiwalyň Kubogy we degişli diplomy gowşuryldy. Türgenlerimiz şu ýylyň baharynda hem şol festiwaldan buz üstündäki tanslaryň örän ajaýyp ýerine ýetirilendigi üçin bäsleşigiň Kubogyny we degişli diplomy alyp geldiler.
Ýeri gelende aýtsak, figuralaýyn typmagyň dünýä belli türgeni Irina Rodnina bu sport çäresiniň guraýjysy bolup durýar. Ol XX asyryň ussat türgenleriniň biri hem-de jübütleýin typmagyň taryhynda uly üstünlige eýe bolan türgen hasaplanýar.
Irina Rodnina metbugatyň wekillerine beren gürrüňinde Türkmenistanyň sport ulgamynda, şol sanda onuň gyşky görnüşleriinde gysga döwürde uly üstünlikleri gazanandygyny belläp, figuralaýyn typmak boýunça tejribe alyşmagyň dowam etdirilmegini goldaýandygyny nygtady.
Ady belli türgen zenan sporty ösdürmegiň bähbidine biziň ýurdumyzda uly işleriň alnyp barylýandygyna we onuň ägirt uly netijelerine haýran galýandygyny aýtdy. Türkmenistanda sporta berilýän uly üns öz miwelerini berýär, olar türkmen türgenleriniň abraýly halkara we sebit ýaryşlarynda gazanýan ýeňişlerinde beýanyny tapýar diýip, myhman belledi.
“Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasy” köpçülikleýin sport hereketiniň we ýokary üstünlikler sportunyň okgunly ösdürilmegine ýardam edýär. Onuň çäklerinde dünýä derejesindäki türgenler taýýarlanyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny, köpugurly stadionlary, aýlawlary, awtodromlary, ýörite sport-okuw mekdeplerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek üçin desgalary gurmagyň giň gerimli taslamalary amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda sebitiň iri Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy ýurdumyzda sport hereketiniň okgunly depginler bilen ösýändiginiň aýdyň mysalydyr. Bu şäherçede 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azia oýunlary geçiriler.