Türkmen döwlet sirkiniň artistleri tomaşaçylara öz täze çykyşlaryny hödürlediler. Çykyşlara gatnaşan ähli sirk artistleri bolan žonglýorlar, masgarabazlar, ekwilibristler, akrobatlar we baş öwredijileriň dabaraly çykyşlaryndan soň sirkiň gümmeziniň astynda howa gimnasty Parahat Orazlyýew çykyşyna başlady.
“Kemerli” diýlip atlandyrylýan bu çykyş tomaşaçylaň ünsüni özüne çekdi. Parahat edil guş kimin umman giňişliginde hereket edýärdi. Ol kemerlere towlanyp okgunly ýokaryk , soňra bolsa örän çaltlyk bilen özüni aşak göýberýär. Çagalar gşzüni aýyrman doňup galýardylar we uly buýsanç bilen edermen, owadan we çalasyn artiste seredýärdiler.
Masgarabazlar Röwşen Meläýew, Swetlana Çertowa, Juma Hommadow we Pena Myratdurdyýew öz täze degişmeleri bilen oturan mähelläni şatlandyrdylar. Bu artistler hemişe döredijilik gözleginde bolup, tomaşaçylary täze we üýtgeşik çykyşlary bilen begendirýärler. Bu gezek olar tomaşaçylara “Gurjak” we “Skotç” diýen gyzykly we gülkinç çykyşlary hödürlediler. Çagalar ulular üçin niýetlenen “Oturguç” atly çykyşy hem uly höwes bilen gördüler. Bu çykyş akrobatlar bilen bile taýýarlandy.
Häzirki zaman sirk artistleri üçin bir dälde birnäçe žanrda işlemeklik eýýäm däbe öwrüldi. Bu babatda bizi “Galkynyş ” toparynyň artisti Jahan Baýramdurdyýewa geň galdyrdy. Biz birnäçe ýyllaryň dowamynda Jahanyň at üstündäki ussatlyk bilen ýerine ýetirýän çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edýärdik. Bu gezekgi möwsümde bolsa Jahan özüniň sirkiň gümmeziniň aşagynda ýerine ýetiren çykyşy bilen geň galdyrdy.
Jahan özüniň çykyşy bilen ýaş we batyrgaý bolup, tomaşaçylara öz zehiniňi bereniňde sirk sungatynda başaryp bolmajak zadyň ýokdugyny subut etdi. Tomaşaçylar çykyşyň şu görnüşinde ýaş artistiň ilkinji çykyşyny uly tolgunma bilen synladylar, ýöne Jahanyň mugallymy Lauretta Annaýewa has tolgundy diýsek ýalňyş bolmaz. Çykyş şowhunly geçdi, haýran galan tomaşaçylar uly buýsanç bilen türkmen gyzynyň bu çykyşyna el çarpdylar.
“Galkynyş” toparyň Hormatly Prezidentimizň sowgat eden tanymal Beghan bedewiň ilkinji çykyşy we iki sany taýçanagyň çykyşy bu möwsümde tomaşaçylary buýsandyrdy.
“Galkynyş” toparynyň dokuz sany iň gowy atlary Italiýanyň Latino şäherinde 16-21-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Halkara sirk festiwalyna gatnaşýanlygy üçin aýrybaşga saklanylýar. Toparyň ýolbaşçysy Pygy Baýramdurdyýew olaryň ýerini tutmak üçin bir aýyň dowamynda täze çykyş taýýarlady.
Sirk tomaşasy türkmen milli tansy “Küşt depdi” bilen tamamlandy. Bu tansa çykyş edýänleriň ählisi gatnaşdylar. Bu milli tans şu günki günde sirk artistleriniň çykyşlaryny tamamlaýan Türkmenistanyň medeniýetiniň ýüzi bolýar. Bu tansly çykyşy biziň toparymyz Italiýada hem ýerine ýetirer.