Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşygynyň nobatdaky bäsleşikleri geçirildi. Şenbe güni 1998-nji ýylda dogulan we ondan hem kiçi ýaşdaky çapyksuwarlar at üstünde janköýerlere öz başarnyklaryny görkezdiler. Olar dördünji topardaky iki çaşly atlary çapdylar.
800 metr aralygyna geçirilen birinji at çapyşygynda Ş.Bekiýewiň hojalygyna degişli bolan Şähribossan atly garamtyl-dor at 0.52,8 sekunt wagt görkezip, ýeňiji boldy (çapyksuwary I.Durdyýew). Ikinji at çapyşygynda hem aralyk 800 metr bolup, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan dor reňkli Kiçigyz atly bedew birinji bolup pellehanadan geçmegi başardy (çapyksuwary B.Bäşimow).
Bahar atly gara reňkli at üçnji at çapyşygynda ýeňiji boldy. 800 metr aralygy 0,54,5 sekuntda geçdi (Ç.Saparmuhammedowyň şahsy hojalygy, çapyksuwary G.Nogaýew). Dördünji at çapyşygy hem şu aralykda geçirilip, onda H.Hojaýewiň hojalygyna degişli bolan Uçgun atly bedew bu aralygy 0,54,9 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy (çapyksuawry A.Allanazarow).
Ondan soňky at çapyşyklarynyň bäşisi hem 1000 metr aralygyna geçirildi. Bäşinji at çapyşygynda 1,11,5 sekunt wagt görkezip, çapyksuwar E.Kiçigulowyň çapan aty we A.Orazmuhammedowyň hojalygyna degişli bolan dor Beýewan atly bedewi pellehanadan birinji bolup geçdiler. Altynji at çapyşygynda Aşgabat şäheriniň “Dostluk” söwda nerkezine degişli bolan Sona atly gara at birinji bolup pellehanadan geçdi. Onuň görkezen wagty 1,08,5 sekunt (çapyksuwary Ş.Saryýew). Türkmenistanyň IIM degişli bolan Sogap atly dor aty ýedinji at çapyşygynda ynamly ýeňiş gazanmagy başardy. Onuň görkezen wagty 1,08,6 sekunt (çapyksuwary S.Atajanow). Sekinji at çapyşygynda aralygy 1,07, 8 sekuntda geçen A.Narlyýewiň hojalygyna degişli bolan Begendik atly gara aty ýeňiji boldy. (çapyksuwary E.Kiçigulow).
Dokuzynjy at çapyşygynda, 1,10,1 sekunt wagt görkezip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Gadyrdan atly gara reňkli at birinji bolmagy abşardy (çapyksuwary E.Döwletow). Onunjy at çapyşygynda G.Nurmämmedowyň hojalygyna degişli bolan Daraýydre atly dor reňkli aty 1,10,6 sekunt wagt bilen ynamly ýeňiş gazandy(çapyksuwary Y.Mämmetöwezow).
Hepdäniň ýekşenbe güni hem çapyksuwarlar Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ahalteke bedewleriniň janköýerlerine bedewleriň ýyndamlygyny görkezdiler.
Şeýlelik bilen, 1200 metr aralygyna geçirilen ilkinji at çapyşygynda iki ýaşar bedewler üçin Toparbaýyň adyna goýlan baýrak ugrunda ýaryşyldy. Onda Dorbedew hojalygyna degişli bolan Dorgözel atly dor bedew 1,22,1 sekunt wagt görkezip, ýeňiji bolmagy başardy (çapyksuwary B.Berdimuhammedow). 1500 metr aralyga geçirilen ikinji at çapyşygynda dördünji topara degişli bolan üç ýaşar bedewleriň arasynda geçirildi. Onda 1,47,9 sekunt wagt görkezenTürkmenistanyň Sagdyn jemgiýet howpsuzlygyny goraýyş gullugyna degişli bolan Menzil atly mele at öňdeligi eýelemegi başardy (çapyksuwary M.Uzbekow).
Dördünji topara degişli bolan üç ýaşar atlaryň arasynda 1500 metr aralyga geçirilen üçünji at çapyşygynda 1,48,5 sekunt wagt görkezip, A.Baýramowyň hojalygynyň Garador atly dor bedewi pellehanadan birinji bolup geçdi (çapyksuwary M.Seýidow). Üçünji topara degişli bolan üç ýaşar atlaryň arasynda 1600 metr aralygyna geçirilen dörünji at çapyşygynda 1,53,7 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahlateke atçylyk toplumyna degişli bolan Ýelhan atly gara reňkli aty birinji bolup pellehanadan geçdi (Çapyksuwary Ç.Ýazdurdyýew).
Bäşinji at çapyşygy ikinji topara degişli bolan üç ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralygyna geçirildi. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hojalygyna degişli bolan Gyrgaplaň atly çal reňkli bedewi 2.09,9 sekunt wagt görkezip, ýeňiji boldy (çapyksuwary Y.Saparow). Dört hem-de ondan hem uly ýaşly bedewler üçin 2200 metr arlayga geçirilen altynjy at çapyşygynda O.Orazgeldiýewiň hojalygynyň Şahy atly gara reňkli bedewi ýeňiji boldy. Ol bu aralygy 2.43,2 sekuntda geçmegi başardy (çapyksuwary P.Bablyýew).
Dört hem-de ondan hem uly ýaşly bedewler üçin 2200 metr arlayga geçirilen ýedinji at çapyşygynda Ç.Nurmuhammedowyň hijalygynyň Garaduman atly gara reňkli bedewi 2.43,1 sekunt wagt görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdi (çapyksuwary E.Babalyýew). Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň “Bagarly” atçylyk hojalygyna degişli bolan Gujurly atly dor bedewi 2.57,4 sekunt wagt görkezip, sekinji at çapyşygynyň ýeňijisi boldy (çapyksuwary Y.Saparow).
At çapyşygynyň iň soňky – dokuzynjy tapgyry dört hem-de ondan hem uly ýaşly bedewler üçin 2200 metr arlayga geçirilip, onda Elita baýragy ugrunda ýaryşyldy. Bu meşhur baýraga Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplymynyň Kemer atly dor bedewi mynasyp boldy. Ol bu aralygy 2.53,5 sekuntda geçmegi başardy (çapyksuwary B.Agamyradow).