Türkmenistanyň Şekillendiriş muzeýiniň maslahat zalynda “Türkmenistanyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek: esasy ugurlar we usullar” ady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatyň işine BMG-niň Türkmenistandaky wekili, Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadigärliklerini öwrenmek we tejelemek müdürliginiň, Döwlet arhiwiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmen döwlet medeniýet instituynyň işgärleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda ÝUNESKONYŇ maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna mynasyp desgalary goşmak üçin olary saklamak we ýaýartmak meselelriniň birbäçesine garalyp geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dil üsti bilen beýan edilýän halk döredijiliginiň, türkmen toý däp-dessurlarynyň ajaýyplygynyň baýlygyny açyp görkezdiler, muzeý eksponatlaryny saklamak we rejelenmegi üçin häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we tehnologiýalarynyň giňden ulanylşy barada gürrüň berdiler.
Bu maslahat türkmen halkynyň maddy däl gymmatlyklaryny öwrenmek we maglumatlar binýadyny döretmek, şeýle hem medeni mirasy ýaýratmak barada öňe ädilen ädimleriň ýene-de biri boldy.