Ï Meýletinçileriň sport ugrundaky aladalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meýletinçileriň sport ugrundaky aladalary

view-icon 833
Koreýanyň Inçhon şäherinde bolup geçýän Aziýa oýunlary Türkmenistan üçin, ilkinji nobatda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýada taýýarlygyň örän möhüm tapgyry hökmünde zerurdyr. Aziada –2017-niň eýeleri hökmünde biz üçin hemme zady göz öňünde tutup, şeýle ýaryşlary geçirmekde tejribe toplamak, şol sanda meýletinçileriň işini guramak hem wajypdyr.

XVII Aziýa oýunlarynyň örän köp sanly meýletin kömekçileriniň arasynda türkmenistanlylara hem duşmak bolýar. Olar ýörite maksatnama laýyklykda Koreýa geldiler. Olaryň wezipesine diňe ozal bellenilen iş borçlaryny ýerine ýetirmek däl, eýsem, umumylykda meýletinçileriň işini jikme-jik öwrenmek girýär. Çünki eýýäm 2017-nji ýylda olara bu ugurda jogapkärli işler garaşýar.


Biziň ýurdumyzdan bolan meýletinçileriň topary 30 adamdan ybaratdyr. Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýadanyň guramaçylyk toparynyň wekilleri bar. Iň çylşyrymly we jogapkärli wezipeler Mekan Nazarow bilen Daýanç Akyýewe ýnanylypdyr. Olar lukmançylyk merkeziniň doping gözegçilik bölüminde meýletinçi bolup işleýärler.

Şeýle hem türkmen meýletinçilerine Atletik hyzmat ediş merkeziniň girelgesinde duşmak bolýar. Ol ýerde Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara ýaryşlaryň arasyndaky hem-de türgenleşikdäki arakesmelerde wagtlaryny işjeň geçirmek üçin köp sanly hyzmatlar hödürlenýär. Bu ýerdäki çykalgalaryň birinde Enejan Berdiýewa bilen Merjen Gyratlyýewa nobatçylyk edýär. Koreý, iňlis, rus we ene dillerinde hyzmat ediş merkeziniň işi barada düşündirmek olaryň borjuna girýär.

Girelgäniň öňündäki açyk meýdançada sport mowzugyna degişli suratlar goýlupdyr. Olar Aziýa ýurtlarynyň 45-sinde ýaşaýan 11 ýaşdan 15 ýaşa çenli bolan çagalaryň çeken ýüzlerçe suratlaryndan saýlanyp alyndy. Biziň watandaş gyzlarymyz myhmanlaryň her birine göwünlerine has ýaran işleri saýlap, olary birinjiden üçünji orun aralykda ýerleşdirmegi teklip edýärler. Şeýlelik bilen, ýeňiji bolan surat kesgitleniler. Ol barada Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň öňýanynda yglan ediler.


Inçhondaky oýunlara hyzmat edýän türkmen meýletinçileri iri halkara ýaryşlarynda meýletin kömekçiler bolmak işiniň tejribelerine eýedigini bellemek gerek. Olaryň hemmesi windsörfing boýunça şu ýylyň iýul aýynyň ilkinji günlerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen dünýä Kubogynyň ýaryşlarynyň tapgyrlarynyň birinde tejribe geçdiler.

Inçhondaky Aziýa oýunlary bardaky gürrüňimizi dowam edip, 24-nji sentýabrda uşu-sanda (tutluşyk) boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerini dabaraly sylaglamak çäresiniň bolandygyny bellemek isleýäris. Sportuň bu görnüşinde türkmenistanlylaryň iki bürünç medaly gazanandyklaryny ýatladýarys: hormat münberiniň üçünji basgançygyna Salaheddin Baýramow (65 kilograma çenli agram derejesinde) we Jennet Aýnazarowa (56 kilograma çenli) çykdylar.

Şeýle hem şol gün türkmen agyr atletikaçysy Inoýat Jumaýew (85 kilograma çenli) çykyş etdi. Biziň ildeşimiz agyrlygy iki görnüşde (birden götermekde 155 kilogram we itekläp galdyrmakda187 kilogram) 342 kilogram netije bilen altynjy orny eýeledi.

Ýakynda ýene-de bir türkmen türgeni Rejepbaý Rejebow 77 kilograma çenli derejede dördünji orny eýeledi. Onuň netijesi agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 345 kilogram boldy. Munuň özi täze milli rekorddyr.

Inçhonda XVII Aziýa oýunlary dowam edýär.