Ï Medallary almak ugrundaky bäsleşikler dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medallary almak ugrundaky bäsleşikler dowam edýär

view-icon 871
Şu günler Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilýän ХVII Aziýa oýunlary dowam edýär. Bulara gatnaşýanlaryň arasyndaky bäsleşik has-da gyzyşýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziadada sportuň 12 görnüşi boýunça çykyş edýär. Geçen dynç alyş günlerinde biziň ildeşlerimiz birbada ýaryşlaryň birnäçesinde tapawutlandylar. Bularyň arasyndan ilkinji nobatda Mergen Mämmedowyň çykyşy barada aýratyn aýtmak gerek. Ol ýekedabany zyňmak boýunça ýeňil atletikaçylaryň bäsleşikleriniň finalyna çykdy.


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby sport ýekedabanyny eýýäm ilkinji synanyşygynda 68 metrlik aralyga zyňyp, finala çykanlaryň sekizligine düşdi. Soňra M.Mämmedow Aziýanyň güýçli ýeňil atletikaçylary—dünýä çempionatlarynyň hem-de Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijileri we baýraklara mynasyp bolanlar bilen bäsleşikde öz görkezijisini 68,68 metre ýetirip, ýedinji orny eýeledi.

Şenbede türkmen boksçylary Aziadada üstünlikli çykyş etdiler: 27-nji sentýabrda biziň türgenlerimiziň ikisi ýaryşa gatnaşyp, birinji tapgyrda ynamly çykyş etdiler hem-de 1/4 finala çykdylar. 52 kilograma çenli agram boýunça Zarip Jumaýew Kuweýtiň toparynyň wekilinden üstün çykdy, 69 kilograma çenli agram boýunça Serdar Hudaýberdiýew iordaniýaly garşydaşyndan – 2013-nji ýylda Aziýa çempionatynda bürünç medala eýe bolan Jalal Al Assiden üstün çykdy. 1/4 finalda Türkmenistanyň wekili eýranly terjibeli türgen Amir Gasemi Aur bilen bäsleşer.


Garşydaşyndan tehniki nokaut bilen üstün çykan Z.Jumaýew bolsa. ýaponiýaly boksçy Şota Haýeşida bilen bäsleşer.

S.Hudaýberdiýew we Z.Jumaýew 29-njy sentýabrda medallar ugrundaky bäsleşigi dowam ederler. Türkmenistanlylar 1/4 finalda üstün çykan halatynda, olaryň diňe ýarym finala çykmak bilen çäklenmän, bürünç medala eýe bolup biljekdigini belläsimiz gelýär.

Ildeşimiz Azat Bebitow hem ýekşenbede laosly türgen Udone Hanksaýdan üstün çykdy. Indi ol medala eýe bolmak ugrundaky ýaryşda yrakly boksçy bilen bäsleşer.

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Arslan Açylow (81 kg çenli) has kyn bäsleşikde çykyş etmeli bolar. Onuň garşydaşy hökmünde Aziadany geçirýän ýurduň toparynyň wekili Kim Hýengkýu çykyş eder.

Türkmen woleýbolçylary toparlaýyn tapgyrdaky çykyşyny 27-nji sentýabrda Mýanma toparyndan 3:1 hasabynda ynamly üstün çykmak bilen jemlediler. Şunlukda biziň türgenlerimize Aziýanyň güýçli toparlarynyň onlugyndaky orny eýelemäge mümkinçilik döredi: düýn Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Täçnazarowyň ýetişdiren türgenleri Pakistanyň topary bilen duşuşdylar we iki sagatdan gowrak wagtlap dowam eden çekeleşikli bäsleşikde ýeňlişe sezewar boldular.


Muňa garamazdan türkmenistanlylar üçin ilkinji onluga düşmäge mümkinçilik saklanyp galýar. Munuň üçin 29-njy sentýabrda olar hökmany suratda Saud Arabystanynyň woleýbolçylaryndan üstün çykmaly bolar.

Sport göreşi boýunça türkmen pälwanlary hem şu Aziadada ilkinji bäsleşiklere gatnaşdylar. Olaryň arasyndak halkara derejeli sport ussady Ramil Rejepowy görkezmek gerek. Ilkinji tutluşykda ol pakistanly pälwan Mohammad Bilaldan üstün çykdy, ýöne 1/4 finalda ýaponiýaly türgenden ýeňildi.

Türkmen pälwanlarynyň çykyşlary şunuň bilen tamamlanmaýar. Entek göreşiň klassyky, grek-rim görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar bolar. Karate we taekwondo (WTF ugry) boýunça türkmen ussatlary hem ýaryşlara goşular.