Ýurdumyzyň şanly baýramy bolan Garaşsyzlyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň gala-konserti geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” umumymilli bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesilleriň arasynda döredijilik bäsleşigi her ýylda geçirilýär. Bu döredijilik çäresi ýurdumyzyň ähli künjeklerinden aýdym-saza berlen zehinli çagalaryň ýüzlerçesini özünde jemleýär. Bäsleşigi ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleri, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinEmatografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilelikde guraýarlar. Ýeňijileriň gala-konsertine bäsleşigiň şäher, etrap hem-de welaýat tapgyrlarynda tapawutlanan iň ökdeler gatnaşdy.
Welaýatlarynda ýeňiji diýlip ykrar edilen zehinli çagalar Aşgabatda duşuşdylar. Bu körpeler üçin uzak garaşdyran we tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Olar ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Hut şonuň üçin çagalar olar bu çykyşlara oňat taýýarlyk gördüler. Olaryň çykyşlary milli Liderimiziň sowgat eden bagtyýar çagalyk eýýamynyň senasy mähriban Watanymyza bolan çäksiz söýgi bolup ýaňlandy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etmek bagty miýesser eden ýaş zehinler birek-birek bilen tanyşdylar. Olar birnäçe günüň dowamynda Gökderedäki ajaýyp künjekde dynç aldylar. Tebigatyň bu gözel ýerinde jemleýji bäsleşige gatnaşmak üçin gelen körpeleri “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş merkezi myhmansöýerlik bilen kabul etdi. Bu ýerdäki kaşaň binalarda ähli amatlyklary bolan otaglar hem-de dynç alyş we sport ýaryşlaryny geçirmek üçin enjamlaşdyrylan meýdançalar bar.
Jemleýji bäsleşige gatnaşyjylar her gün säher bilen ýurdumyzyň baş sahnasynda paýtagtymyzdan gelen ýeňijiler bilen duşuşdylar. Olar taýýarlyk pursatlarynda öz ussatlyklaryny artdyrdylar. Mundan başga-da, jemleýji bäsleşigiň öňüsyrasyndaky maksatnama döredijilik bäsleşigine gatnaşýan ýaş zehinler üçin dürli çäreler girizildi. Çagalar taýýarlyk işlerini tamamlap, ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerinde boldular, ýurdumyzyň baş şäheriniň oýun we dynç alyş merkezlerine, muzeýlere baryp gördüler. Jemleýji bäsleşige gatnaşyjylar her gün agşamlyk bolsa watansöýüjilikli aýdymlary ýerine ýetirdiler we mähriban Watanymyza bagyşlanan goşgulary okadylar.
Şeýlelikde, çagalar üçin tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Şu gün ýurdumyzyň körpe artistleri paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen jemleýji gala-konsertde çykyş etdiler.
Çagalar döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýurdumyzyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşajyk artistlere iberen Gutlagy okaldy. Gutlag şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Milli Liderimiziň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, bu çäräniň ýaşlarda sungata bolan söýgini terbiýelemek we ösdürmek, zehinleri ýüze çykarmak hem-de kämilleşdirmek işinde möhüm ähmiýeti bardyr. Biziň baş maksadymyz ýaş nesilleriň zehinli, başarjaň, ahlak we beden taýdan sagdyn bolmagy, mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriniň - şirin owazlarynyň, joşgunly sazlarynyň ýaňlanyp durmagy, şadyýan gülküleriniň zemini doldurmagy biziň esasy maksadymyzdyr. Bu günki zehinli ýaşlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geljekki beýik nesilleridir!
Döwletimiz bagtyýar nesillerimiziň sagdyn bedenli, kämil ruhly ösmegi, döwrebap bilim almagy, watansöýüjilik we ynsanperwerligiň beýany ruhunda terbiýelenmegi ugrunda ähli zerur şertleri döredýär. Biz mundan beýläk-de çagalarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy babatdaky özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilen jemleýji gala-konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň toparlaýyn ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly, watansöýüjilikli çykyşlar bilen başlandy. Bu aýdym-sazly sahna eseri döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda edýän atalyk aladasyna bagyşlandy. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ähli zerur şertler döredildi. Çagalar sungatyň üsti bilen ýurdumyzyň abadançylygyny, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyny wasp etdiler.
Maslahat köşgünde geçirilen baýramçylyk konserti jemleýji bäsleşige gatnaşyjylaryň ajaýyp çykyşlary bilen dowam etdi. Bu bolsa bagtyýar çagalygyň şatlygy bilen baýramçylyk konsertiniň dabarasyny utgaşdyrdy. Bu ýerde belent owazly aýdymlar ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Edebi-sazly kompozisiýalar we türkmen halkynyň şöhratly däplerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bagtyýar çagalygy wasp edýän folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň bilelikde ýerine ýetiren jemleýj çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen utgaşyp gitdi. Konserti guraýjylar bäsleşigiň ýeňijileriniň adyny yglan edýän pursatlarynda hem tomaşaçylaryň şowhuny peselmedi. Ýaş zehinleriň bir topary ýeňiji diýen hormatly ada mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglar we diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Onda beýleki çykyş edenlere hem degişli sowgatlar gowşuryldy. Bu bolsa çagalary geljekki döredijiik bäsleşigine gatnaşmaga we arzyly maksatlaryna hem-de ýeňşe ýetmäge höweslendirer.