Ï Awazadaky halkara syýahatçylyk forumy tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazadaky halkara syýahatçylyk forumy tamamlandy

view-icon 904
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara serginiň işi jemlenildi, şonuň çäklerinde şu ugra degişli maslahat hem boldy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan foruma gatnaşmak üçin Hazaryň türkmen kenarynda dünýäniň 20-den gowrak ýurtlarynyň wekilleri – şu ugur boýunça döwlet edaralarynyň, pudagy hünärmenler bilen üpjün edýän we onuň ösüşine ylmy taýdan çemeleşýän ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem işewürlik düzümleriniň we halkara guramalarynyň, hususan-da, Bütindünýä syýahatçylyk guramsynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri ýygnandylar.

Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanyp geçirilen bu giň gerimli çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan bu şanly senäniň syýahatçylygyň möhümdigine, onuň durmuş, medeni we ykdysady taýdan wajypdygyna halkara bileleşiginiň ünsüni çekmek üçin elmydama ulanylýan usullaryň biri hökmündäki ähmiýetini dolulygyna äşgär etdi. Şunda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň ýurduň we halkyň durmuşynyň ähli tarapyna, şeýle hem beýleki döwletler bilen özara arkalaşykly hereket etmeginiň geriminiň giňeldilmegine oňyn täsirini ýetirmeginiň nusgasy arkaly görkezildi.

Bu waka biziň myhmanlarymyza, syýahatçylyk pudagynyň hünärmenlerine, maýadarlara, Türkmenistandaky syýahatçylyga mahsus ýagdaýlar we geljekki mümkinçilikler barada täze maglumatlary almaga, Hazaryň türkmen kenarynda halkara derejeli täze deňiz şypahanasyny döretmek boýunça örän uly taslamany amala aşyrmagyň barşy, şeýle hem ýurdumyz boýunça gezelenç edýänder üçin döredilýän ýagdaýlar we hyzmatdaşlyga degişli täze teklipler bilen tanyşmaga oňaýly mümkinçilige öwrüldi.

“Seýrana” myhmanhanasynda guralan sergide ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň, döwlet we hususy, şeýle hem ýurdumyzda syýahatçylygyň sport, sagaldyş, ekologiýa, medeni-bilim ýaly dürli ugurlarynyň ösdürilmegine goşulýan beýleki edaralaryň diwarlyklary arkaly, Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyndaky üstünlikler we onuň mümkinçilikleri görkezildi.

Sergide bilelikde amala aşyrylan işler hem-de ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanynyň artdyrylmagyna, welaýatlaryň syýahatçylyga degişli mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanylmagyna, türkmen topragyndaky täsin ýerlere gezelençleriň täze ugurlarynyň wagyz edilmegine, syýahatçylyk we dynç alyş pudagynyň myhmanhanalar, rekreasion we tomaşalar bilen bagly düzüminiň kämilleşdirilmegine gönükdirilen geljekki taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Serginiň işi bilen birlikde, syýahatçylyk pudagynda we onuň bilen ugurdaş ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlanan maslahatyň çäklerinde bölümler boýunça mejlisler geçirildi.

Türkmenistan syýahatçylygyň ösdürilmegine örän köp möçberdäki maliýe serişdelerini gönükdirip, daşary ýurtly maýadarlary çekmek üçin maýa goýumlary babatda oňaýly ýagdaýy döredýär hem-de şu pudakdaky telekeçilik işi üçin ýeňillikleri kämilleşdirýär. Forumda hukuk taýdan şeýle pugta binýat esasynda we döwlet tarapyndan degerli goldaw berilmegi netijesinde hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşleriniň ýüze çykýandygy, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylýandygy, halkara derejesinde birleşmäniň çuňlaşdyrylýandygy bellenildi. Bu işiň üstünlikli bolmagy esasan, tagallalaryň birikdirilmegine, geljekki wezipeleri çözmekde tejribäniň ulanylmagyna, hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryna baglydyr, Awazadaky şu forum bolsa şol usullaryň işlenip taýýarlanmagyna ýardam bermelidir.

Maslahatda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny innowasion taýdan ösdürmek, tebigy we taryhy-medeni miras esasynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň syýahatçylyk babatdaky mümkinçiliklerinden oýlanyşykly peýdalanmak, hünär boýunça bilim bermek we pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak ýaly möhüm meselelere garaldy. Forumda syýahatçylygyň ösüşiniň multiplikatiw täsiriniň bardygy we milli ykdysadyýetiň ähli segmentleri boýunça ösüşe ýardam berýändigi bellenildi. Hut şoňa görä-de, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion taýdan ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň medeni özboluşlylygyny saklamak, halklaryň arasyndaky medeni gepleşigi ösdürmek hem-de dünýäde birek-birege ynama we dostluga mahsus ýagdaýy ileri tutmak bilen baglylykda, bu örän tutumly ulgama içgin üns berýär.

Forumyň tanyşdyrylyş meýdançasyna öwrülen serginiň işiniň ahyrynda, oňa gatnaşanlara diplomlar gowşuryldy.

“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergä we syýahatçylyk maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýüzlenme kabul etdiler we şonda syýahatçylyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de forumyň ýokary derejede geçirilendigini, şonuň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistany yklymyň ykrar edilen syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça işleriň ylalaşylandygyny bellediler.