Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda “Ýokary sungat ýolunda” ady bilen duşuşyşk geçirildi. Duşuşyga akademiýanyň talyplary we mugallymlary, şeýle hem Moskwanyň I.Fýoderow adyndaky döwlet neşirýat uniwersiteinden gelen myhman, Grafika we kitap sungaty institutynyň direktory Oleg Korytow gatnaşdylar. Esasan hem gürrüň çaphana babatda kitaby nädip has täsirli etmek barada boldy. Talyplar oňa türkmen we rus ertekileri esasynda döreden illýustrasiýa işlerini görkezdiler.
Duşuşykda şriftleriň dizaýn temasyna esasy üns berildi. Durmuşda şriftiň nähili döreýändigi, oňa nähili stilistika mahsusdygy we haýsy ýagdaýlarda akademiki şriftden daşlaşmalydygyny hiç kim pikir hem edýän däldir. O.Korytowyň ýolbaşçylyk edýän institutynda her ýylda kitap neşirýatynda bu wajyp tema bagyşlap uçurymlaryň birnäçesi diplom işlerini ýazýarlar. Duşuşygyň barşynda moskwaly myhman zalda oturanlara wideoşekiller arkaly täze şriftleriň döreýşiniň usullaryny görkezdi.
Gyzykly we öwreniş duşuşygy Çeperçilik akademiýasynyň okuw otaglaryna aýlanyp görmek bilen tamamlandy. Geljekki türkmen hudožnikleriniň işleýän şertlerine russiýaly myhman tarapyndan ýokary baha berildi.