Ï Türkmen talyplarynyň goşa üstünligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň goşa üstünligi

view-icon 919
Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde dowam edýän Aziadada türkmen türgenleri şu gün ýurdumyzyň sport gazananlarynyň üstüni ýene-de iki medal bilen ýetirdiler. Sport göreşiniň nusgawy görnüşinde 71 kilograma çenli agramlyk derejede Şermet Permanow bürünç medala mynasyp boldy, boksçularyň arasyndaky bäsleşikde bolsa ildeşimiz Aziz Bebitow 64 kilograma çenli agramlyk derejede ýarym finala çykmagy başardy. Munuň özi biziň türgenimize iň pesinden bürünç medaly eýelemäge mümkinçilik berdi.

Pälwanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň birinji aýlawy tamamlanandan soň, Ş.Permanow geçen ýyl Aziýanyň çempiony bolan özbegistanly türgen bilen bäsleşdi, şonda biziň türgenimiz çekeleşikli göreşde garşydaşyndan ýeňildi. Muňa garamazdan, ol bürünç medal ugrunda göreşi dowam etdirdi. Bu tapgyrda türkmenistanly türgen Ýaponiýanyň pälwany T.Fujimura bilen göreşmeli boldy. Ol duşuşygyň eýýäm birinji böleginde ýaponiýaly türgeni arassa ýeňmegi başaryp, özüne arzyly medaly üpjün etdi.


Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybynyň halkara derejesindäki şeýle baýragyň ilkinjisi däldigini bellemelidiris. Mysal üçin, şu ýylyň başynda ol Russiýa Federasiýasynyň Podolsk şäherinde geçirilen halkara bäsleşiginde üçünji orny eýeledi. Şeýle hem Ş.Permanowyň grek-rim göreşi boýunça dünýä çempionatyna gatnaşandygyny bellemelidiris. Bu ýaryş şu Aziadanyň öňüsyrasynda, sentýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Bu ýaryşlarda biziň türgenimiz çärýek finala çenli ýetmegi başardy we dünýäniň iň güýçli pälwanlarynyň ilkinji ýediliginde mynasyp orun eýeledi.

Indi bolsa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowyň we Amin Muhtarowyň şägirdiniň hasabynda Aziýa oýunlarynyň bürünç medaly hem bar, bu sylag оnuň üçin iň ýokary sport üstünligidir. Ýöne biziň türgenimize entek köpsanly nobatdaky iri ýaryşlar garaşýar, şolarda ol ýokary netijeleri görkezmelidir.

Watanymyza gaýdyp gelenden soň, Ş.Permanow deslapky ýaryşlara, şol sanda 2015-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatyna hem güýçli taýýarlyk görmeli bolar. Bu dünýä çempionatynda 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşiler. Şermet 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Türkmenistan üçin medal gazanmagy arzuw edýär. Aşgabatda geçiriljek bu Aziadanyň maksatnamasyna sport göreşi boýunça ýaryşlar hem girizildi.


...Boksçularyň arasyndaky ýaryşlarda ýarym finala barýan ýolda Aziz Bebitow iki ýeňiş gazanmagy başardy. Ilki bilen ol Laosyň ýygyndy toparynyň türgeni Udone Hanksaýudan üstün çykdy, şu gün bolsa yrakly boksçy Karrar Aal Ezireji ýeňdi.

Özi-de türkmen türgeni bäsdeşinden möhletinden öň üstün çykyp, finala çykmak üçin oňat mümkinçilikleri döretdi. Şol duşuşykda A.Bebitow Tailandyň ýygyndysyndan Masuk Wuttiçai bilen güýç synanyşar.

Şu Aziýa oýunlarynda boks boýunça ýaryşlarda türkmenistanlylaryň eýýäm özlerine iki medaly üpjün edendigini ýatlatmalydyrys. Düýn Serdar Hudaýberdiýew 69 kilograma çenli agramlyk derejede ýarym finala çykdy. Biziň türgenlerimiziň ikisiniň hem indiki duşuşyklary 2-nji oktýabrda geçiriler.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşlar baradaky gürrüňimize gaýdyp gelip, türgenimiz Arslan Saparmämmedowyň şu günki çykyşyny hem bellemelidiris. Ol 98 kilograma çenli agaramlyk derejede Aziýanyň iň güýçli türgenleriniň bäşligine girmegi başardy.

XVII Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna bary-ýgoy birnäçe gün galdy. Boks boýunça ýaryşlardan başga-da, türkmenistanlylar karate we taekwondo (WTF görnüşi) boýuna ýaryşlara gatnaşar. Bu bäsleşiklerde türgenlerimiziň oňat netijeleri görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri bar.