Inçhonda dowam edýän XVII Aziýa oýunlarynda şu gün türkmen türgenleriniň birbada ikisi boks boýunça ýaryşlarda bürünç medallary gazandylar. Aziz Bebitow 69 kilograma çenli agram derejesinde, Serdar Hudaýberdiýew bolsa 64 kilograma çenli agram derejesinde tapawutlanmagy başardylar. Biziň ildeşlerimiz ýeňşe tarap ýolda her biri üç duşuşyk geçirdiler. Halkara derejeli sport ussady S.Hudaýberdiýew birinji duşuşygynda geçen ýylyň Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Iordaniýadan bolan Mohammad Jalal Al Assini ynamly ýeňdi. Çärýek finalda türkmenistanly türgen Eýrandan güýçli boksçy Amir Gasemi Aury ýeňmegi başardy. Finala çykmak ugrunda geçirilen duşuşykda biziň watandaşymyza dünýäniň häzirki çempiony, 2010-njy ýylda Guançžouda (Hytaý) geçirilen XVI Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi, häzirki Aziýa oýunlarynda Gazagystanyň ýygyndy toparynyň kapitany Daniar Ýeleusinow garşy durdy.
S.Hudaýberdiýew söweşiň ilkinji pursatlaryndan hüjüme geçip, ilkinji raundda artykmaçlyk gazandy. Emma tejribeli bäsdeş duşuşygyň soňky iki raundlarynda duşuşygyň ýagdaýyny öz peýdasyna üýtgetmegi başardy. Netijede Gazagystandan güýçli boksçy finala çykdy, biziň boksçymyz bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Bu netije hem biziň türgenimiz üçin 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiadanyň saýlama ýaryşlarynyň öňýanynda oňat görkeziji bolup durýar. Ýeri gelende ýatlasak, türkmen boksçysy ozal eýýäm 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda biziň ýurdumyza wekilçilik etdi. Ynha, indi, 2009-njy ýylyň Aziýa çempionatynyň ýeňijisi S.Hudaýberdiýewiň nobatdaky Olimpiada gatnaşmak mümkinçiligi bar.
Aziz Bebitow ilkinji duşuşykda Laosyň türgeni Udone Hanksaýy medal ugrunda göreşmek mümkinçiliginden mahrum etdi. Ikinji duşuşykda biziň türgenimiz Yragyň toparynyň wekili Karrar Aal Ýezirejini ýeňmegi başardy. Ine, bu gün bolsa biziň watandaşymyz 2009-njy ýylyň Aziýa çempiony Taýlanddan bolan Wuttiçai Masuk bilen duşuşdy.
Bäsleşik deňeçer ýagdaýda geçdi. Emma halkara sport giňişliginde ilkinji ädimleri ädýän A.Bebitow duşuşygyň käbir pursatlarynda has tejribeli bäsdeşinden asgyn geldi. Netijede çempion utuklaryň az-kem iapawudy bilen ýeňiş gazandy.
Türkmen boksçylaryny sylaglamak dabarasy 3-nji oktýabrda, ýaryşyň şu görnüşi boýunça final bäsleşiklerinden soň geçriler.
XVII Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna bary-ýogy iki gün galdy. Şol iki günüň dowamynda biziň türgenlerimiz taekwondo (WTF görnüşi) we karate boýunça bäsleşiklerde çykyş ederler. Şonda türkmenistanlylaryň tapawutlanmaga uly mümkinçilikleri bar.