Türkmen milli konserwatoriýasyny ýakynda tamamlan, häzir bolsa ýaş mugallymy Selbi Nyýazowa Russiýa kompozitorlarynyň birleşiginiň Ýaşlar bölüminiň ýolbaşçylygynda Baltika deňziniň kenarynda ýerleşýän Kaliningrad we Swetlogorsk şäherlerinde geçirilen GDA döwletleriniň ýaş kompozitorlary we sazndalary üçin “Strategiýa-21” birinji okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Bu örän uly döredijilik çärelerine gatnaşyjylar öz ýurtlsrynyň özboluşly saz medeniýetini görkezdiler. Biziň zehinli watandaşymyz “Türkmen sazynyň we folklorynyň gözbaşlary” atly tema boýunça çykyş etmek bilen, bu maslahaty guraýjylaryň – meşhur rus sazandarlarynyň ünsüni özüne çekdi. Türkmen aýdym-saz sungatynyň taryhy, onuň meşhur wekilleri barada görkezilen wideo-tanyşydrylyş Selbiniň çykyşynyň üstüni ýetirdi.
“Ýaş türkmen kompozitory öz ýurdunyň sazyny, medeniýetini we sungatyny uly buýsanç bilen görkezdi. Selbi Nyýazowa – seýrek duş gelýän zehinli sazanda. Onuň döredijiliginde ajaýyp türkmen medeniýetiniň , onuň täsin äheňleriniň we ruhy tämizliginiň asyrlara uzaýan gatlagy beýan edilýär” diýip, Russiýa kompozitorlarynyň birleşiginiň Ýaşlar bölüminiň başlygy Ýaroslaw Sudzilowskiý maslahata gatnaşýan türkmen wekiliniň zehini barada gürrüň berýär.
Bu halk sazlarynyň festiwalynyň birnäçe gün öňünden bolsa, Baltika deňziniň ýantar kenarynda Selbi Nyýazowa Moskwanyň etegindäki Ruza şaherinde biziň ýurdumyzyň adyndan çykyş etdi. Bu ýerde, Kompozitorlaryň döredijilik öýünde, GDA ýurtlaryny ýaş kompozitorlary we saz öwrenijiler üçin hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça her ýylda guralýan maslahat geçirildi.
Okuwyň esasy şertleriniň biri hem Maslahatyň iki hepdeläp dowam eden döwründe “dünýä inen ” awtoryň ýerine ýetirmeginde saz eserleri boldy. Bu ýumuş Selbi Nyýazowa üçin aýratyn bir kynçylyk döretmedi. Onuň döredijilik ylhamynyň we irginsiz zähmetsöýerligi netijesinde “Skripka, klarnet we fortepýano üçin trio” eseri “dünýä indi”.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ilkinji eserleriniň ählisi soňra konsertiň saz maksatnamasyny düzdi. Bu maksatnama soňra Moskwada, Petr Çaýkowskiniň eserlerini ilkinji bolup çap eden Ýurgensonyň Myhman jaýynda geçirildi.
Saz dünýäsinde ady rowaýata öwrülen Boris Ýurgensonyň ýuwlugy GDA ýurtlarynyň ýaş kompozitorlary üçin däbe öwrülen we özboluşly “okuw başlangyjyna” öwrülen bu konsertiň guramaçysy bolup çykyş etdi.
Selbi Nyýazowa Moskwada “ХХI asyryň kompozitory” ady bilen geçirilen Häzirki zamam sazynyň halkara bäsleşiginde biziň ýurdumyzyň adyndan mynasyp çykyş etdi. Ol bu bäsleşikde “Ikinji derejeli diplomant” diýen ada eýe boldy.