Ï “Ýaňlan, Diýarym!” atly telewizion bäsleşigiň jemleýji tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýaňlan, Diýarym!” atly telewizion bäsleşigiň jemleýji tapgyry

view-icon 687
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti tarapynban yglan edilen “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ýaş höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” atly telebäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Däp boýunça bu bäsleşik her ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda guralýar. Zehinli türkmen ýaşlarynyň bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Zehinli ýaşlaryň bu gözden geçirilişi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň ýaşlarynyň arasynda has meşhur bolan döredijilik bäsleşikleriniň birine öwrüldi. Oňa gatnaşýanlaryň arasynda dürli döredijilik toparlarynyň höwesjeň aýdymçy ýaşlary, ýokary we ýörite–orta okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş harby gullukçylar, medeniýet we beýleki ulgamlaryň işgärleri bar. Bäsleşige ýaşlaryň ýüzlerçesi gatnaşýar. Ýerine ýetirijiler öz ussatlygyny ýylsaýyn kämilleşdirýändigini görkezýär, şunda emin agzalaryna has tapawutlanan, täsirli çykyş eden, öz aýdym-sazlary bilen ata Watanymyzy we onuň gazananlaryny wasp edýän zehinli ýaşlary saýlap almak aňsat düşmeýär.

Ähli welaýatlarda we Aşgabatda geçirilen deslapky köpsanly saýlama tapgyrlaryň barşynda has mynasyp görlen dalaşgärler ýüze çykaryldy. Netijede, ýurdumyzyň ähli sebitlerinden has tapawutlanan ýaş aýdymçylar “Ýaňlan, Diýarym!” atly telewizion bäsleşiginiň şu jemleýji gala – konsertine gatnaşdylar.

Bäsleşigiň maksatnamasynyň şertleri boýunça her bir aýdymçy iki aýdymy ýerine ýetirýär, şeýle hem dalaşgärleriň bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykmagy üçin, olaryň çykyşlaryna aýdym aýtmak, ýerine ýetirijilik ussatlygy we özboluşlylygy, şeýle hem artistlik, ýagny höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň sahnada özüni ynamly alyp barmak ukyby ýaly ölçegler boýunça baha berilýär.


Ýurdumyzda joşgunly döredijilik zähmeti bilen meşgullanmak, sahnada ussatlyk görkezmek arkaly, türkmen aýdym-saz sungatynyň şan-şöhratyny artdyryp, meşhur bagşylaryň, özboluşly sazandalaryň we milli aýdymlary ýerine ýetirijileriň kesbini dowam edýän zehinli aýdymçylary, sazandalary ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we giň gerimli işleriň çeper görnüşde, joşgunly sazlarda we aýdymlarda mynasyp beýanyny tapýandygyny hem-de olaryň tutuş dünýäde giňden wagyz edilýändigini belleýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşikleri ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna, olaryň sungtat äleminde döredijilik ussatlygynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýän ýene-de bir subutnamadyr.

Milli Liderimiziň üns bermegi we hemişe alada etmegi, ýaş aýdymçylara aýdym-saz sungatyndaky ussatlygyň täze sepgitlerine ýetmegine güýçli badalga berýän şu günki baýramçylyk konsertine gatnaşýan ýaşlar paýtagtymyzdaky sahnada halk aýdymlaryny we häzirki döwürde türkmen kompozitorlarynyň döreden eserlerini şahyranalyga we joşguna ýugrulan görnüşde ýerine ýetirdiler.

Olaryň joşgunly çykyşlary diňleýjileri kanagatlandyryp, ýakymly täsir galdyrdy. Ýaş aýdymçylar eziz Watanymyzy, halkymyzyň we ýurdumyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, dogduk Diýarymyzyň tebigatyny, täze taryhy eýýamda -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda gazanylan ajaýyp üstünlikleri wasp etdiler. Tomaşaçylar döredijilik bäsleşigine gatnaşanlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirişine şowhunly el çarpdylar.

Gala-konsert bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlar üçin arzyly üstünlige ýetmegiň, meşhurlyga eýe bolup, ýurdumyzyň uly sahnasyna çykmagyň ýolundaky has tolgundyryjy we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan pursat bolup durýar. Jemleýji gala-konsert bäsleşige gatnaşýanlar üçin olaryň taýýarlyk derejesini, zehinini, ukyplaryny, şeýle hem üstünlik gazanmak üçin güýjüňi aýamazlygy, sabyrlylygy we tutanýerliligi talap edýän ýene-de bir döredijilik synagydyr. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň aglabasy şol synagdan üstünlikli geçdiler, çünki olar ynamly çykyş edip, arzyly üstünligi gazanmak ugrunda öz zehinini we ukyplaryny äşgär etdiler.

Döredijilik bäsleşiginiň netijelerini jemlemek we ýeňijileriň atlaryny yglan etmek bu jemleýji tapgyryň has tolgundyryjy bölegidir. Ony guraýjylar milli Liderimiziň içgin üns we goldaw bermegi netijesinde, bu uly döredijilik bäsleşigine goşulýan zehinli we ukyply aýdymçy ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny aýratyn bellediler. Ýaşlar öz aýdym-sazlary bilen ata Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylanlary ussatlarça we joşgunly ýerine ýetirýärler. Bäsleşige gatnaşýanlaryň öz ussatlygyny ýylsaýyn kämilleşdirýändigi görünýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döredijilik ýolunda hemmetaraplaýyn ösmegi barada aýratyn alada edýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpmagynda ýeňijileriň atlary yglan edildi. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite diplomlara we pul sylaglaryna mynasyp boldular.

Höwesjeň aýdymçy ýaşlar döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, geljekde-de özleriniň joşgunly we döredijilikli zähmeti bilen ata Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ajaýyp üstünlikleri wasp etjekdiklerine ynandyrdylar.